Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.06.2025
55

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan bu mübärek baýramyň ähli adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileýärin hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we türkmen halkyna musulman ymmatynyň beýik baýramy — Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Goý, belent ahlak we ruhy gymmatlyklaryň nyşany bolan bu mukaddes baýram biziň halklarymyzyň jebisligini has-da pugtalandyrsyn!

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Kasym-Žomart TOKAÝEW,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Beýik Allatagala gulluk etmegiň baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gurban baýramy ybadatyň, raýdaşlygyň baýramydyr. Bu mübärek baýramyň tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, rowaçlyk getirjekdigine umyt edýärin.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk dileýärin.

Masud PEZEŞKIAN,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin örän ýakymlydyr. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa AL HALIFA,

Bahreýniň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan bu baýramyň ähli musulman ymmatyna abadançylyk getirmegini, şeýle hem Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,

Kuweýt Döwletiniň Emiri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize, doganlyk Türkmenistana rowaçlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

ABDULLA II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Gurban baýramy raýdaşlygy we ýokary ruhy gymmatlyklary özünde jemleýär. Goý, bu mukaddes baýram ýurduňyza mundan beýläk-de abadançylyk getirsin!

Somali Federatiw Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigimize ynanýaryn.

Hasan Şeýh MOHAMUD,

Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan

Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Köp asyrlaryň dowamynda bu nurana baýram çuňňur ahlak hem-de ruhy kämilligi alamatlandyryp, adamlary jebislige, hoşniýetli gatnaşyklara we ýakynlaryňa alada bilen garamaga, adalatlylyga, rehimdarlyga, tämizlige çagyrýar. Dünýäniň ähli musulmanlary köpasyrlyk asylly ýörelgeleri dowam etdirmek bilen, özara gatnaşyklaryň jebisleşmegine, düşünişmäge hem-de milletleriň arasynda ylalaşygyň berkemegine uly goşant goşýarlar.

Bu ajaýyp günde Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu baýram sahawatlylyk, duýgudaşlyk, jebislik ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini ýatladýar, doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gulluk edýär hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde parahatçylyga, özara hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzy tassyklaýar. Goý, Beýik Biribar doga-dileglerimizi kabul etsin hem-de ähli musulman ymmatyna sazlaşyk we rowaçlyk eçilsin!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Asad Majid HAN,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident!

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna jomartlygy, wepadarlygy alamatlandyrýan, kalplara ruhubelentlik çaýýan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Umumy şatlyk we bagtyýarlyk günlerinde, raýdaşlyk, agzybirlik, jebislik ýörelgeleriniň ilkinji orna çykýan pursatlarynda Gurban baýramynyň biziň dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da çuňlaşdyrmagyny arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi hem-de ähli türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlaýaryn we Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygymy beýan edýärin.

Binali ÝYLDYRYM,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy.

Soňky habarlar
10.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.06
Söwda ulgamynyň ösdürilmegi — milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň möhüm şerti
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
08.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.06
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
06.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
06.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow