Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 31.05.2025
767

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde bagtyýar çagalaryň, olaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda giňden bellenip geçilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesliň aýdyň şu güni we röwşen geljegi ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde, ýurdumyzda çagalygy hem-de ýaş nesilleriň saglygyny goramak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleriň, maddy we durmuş ýeňillikleriniň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.

Ýurdumyzda çaga dünýä inen gününden başlap kömek pullarynyň berilmegi, ýeňillikleriň döredilmegi, şeýle-de degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi Siziň parasatly baştutanlygyňyzda döwletimiz tarapyndan ýaş raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, abadan jemgyýetde ýaşamagy barada edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan köpöwüşginli, baý many-mazmunly baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berilýär. Eziz Diýarymyzyň toýly günlerinde paýtagtymyzda «Şapak» seýilgähiniň açylyp ulanmaga berilmegi bolsa körpe nesilleriň şatlygyny has-da artdyrdy.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary berjaý etmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Şeýle-de ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär we özüniň ýaşajyk raýatlary üçin oňyn durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini görkezýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hakyky demokratik jemgyýete mahsus bolan çaganyň hukuklary «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlarynda öz beýanyny tapýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde goşýan goşandy üçin güwänama mynasyp bolmagy bolsa ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan ynsanperwer işleriň dünýä nusgalykdygyny doly tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň gülki sesleri hemişe belentden ýaňlansyn!

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, ýurdumyzda bagtyýar çagalygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
18.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady
18.09
Awazada halkara forum geçirilýär
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
top-arrow