Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Çap edildi 30.05.2025
180

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!
Hormatly watandaşlar!

Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň aýdyň geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň hakydasynda ýakymly ýatlamalar hökmünde ömürlik galjakdygyna berk ynanýaryn.

Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesiller barada uly alada edýändigini alamatlandyrýan sene hökmünde jemgyýetçilik durmuşymyzda aýratyn orun eýeleýär. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanyp, dünýäde abadançylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagyna uly goşant goşýan eziz Diýarymyzyň ak mermere beslenen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde baý many-mazmunly, döwrebap öwüşginli medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Berkarar döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýan, beýik döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny dabaralandyrýan, egsilmez şatlyk hem-de joşgun paýlaýan bu wakalar ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň ajaýyp üstünlikleriniň hem-de eşretli durmuşyň aýdyň güwäsidir.

Eziz watandaşlar!

Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Olaryň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, döwrebap bilim almagy biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Şu maksatdan ugur alyp, bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrülen Garaşsyz Diýarymyzda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys.

Berkarar ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeni-dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň sanyny ýylsaýyn artdyrýarys. Köpetdagyň sergin jülgesinde ýerleşýän Gökderede, Hazaryň kenaryndaky dünýä meşhur «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde ýatdan çykmajak pursatlara beslenjek tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berýäris. Bu ajaýyp dabaralar Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik döwrüne we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkidýär.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri, halkara hem-de sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Çagalaryň saglygyny berkitmek, olara döwrebap bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarys. Garaşsyz döwletimiz bu ugurda örän möhüm binýatlaýyn halkara hukuk resminamalaryna goşuldy. Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, maşgalanyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, bilimi we saglygy goraýşy kämilleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalar, strategiýalardyr meýilnamalar amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, kämil, ylymly-bilimli, sagdyn ruhly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda netijeli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işler alnyp barylýar. Olaryň ählisi maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek bilen bagly meselelerde biziň milli we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzy aýdyň tassyklaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!
Eziz watandaşlar!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlansyn! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
30.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
30.05
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
30.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitindäki çykyşy
30.05
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
30.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
30.05
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
29.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.05
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
29.05
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
29.05
Dost-doganlygy wasp edip
top-arrow