Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Teswirlemeler
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Çap edildi 28.05.2025
202

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy iş tejribesini we täzeçil usullary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ulgamyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge ýardam berýär.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen anyk işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, öňdebaryjy usullar we iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Döwrüň talaplaryndan we dünýä tejribesinden ugur alnyp, milli elektron töleg ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we onuň goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we programma-tehniki üpjünçiligini yzygiderli kämilleşdirmek arkaly degişli infrastrukturany döretmek, ugurdaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly görnüşde hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar baradaky syny hödürleýäris.

Häzirki wagtda ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Bu onlaýn hyzmatlaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, bank hasaplaryna gözegçilik etmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, täze bank kartlaryny açmak, pul geçirimlerini amala aşyrmak ýaly amallary ýerine ýetirip bolýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sanly hyzmatlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan milli töleg ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde işe girizilen hem-de müşderilere onlaýn görnüşde köp amallary geçirmäge amatly mümkinçilik döredýän «VISA Virtual» bank kartydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Galkynyş» töleg ulgamy işe girizilip, ol internetiň üsti bilen milli hem-de daşary ýurt pullarynda tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ulgamyň üsti bilen fiziki we ýuridik şahslar sanly ulgamda dürli tölegleri geçirmek, karzlary we bank kartlaryny almak üçin ýüzlenmeleri ibermek, pul geçirimlerini amala aşyrmak, öz bank hasaplaryny dolandyrmak we ondaky pul serişdeleriniň hereketine gözegçilik etmek, şeýle hem hasaplary boýunça geçirilen amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler. Programma üpjünçiligine esaslanýan «Galkynyş» töleg ulgamy bank ulgamyna ykjam tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, has köp zähmeti we wagty talap edýän işleri sanlylaşdyrmaga, hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge we tizligini artdyrmaga, bank işiniň netijeliligini, takyklygyny we hilini ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, müşderilerine amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Onlaýn kabulhana» hyzmaty işe girizildi. Oňa laýyklykda, raýatlar sanly ulgam arkaly günüň islendik wagtynda bankyň resmi www.tnbk.tm web saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Onlaýn kabulhana» bölümçesiniň üsti bilen bank tarapyndan berilýän güwänamalary, bank kartlaryny sargyt etmek we gaýtadan çap etmek, şeýle hem karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenip bilýärler. Munuň üçin, ilki bilen, bellenilen tertipde doldurmak arkaly ulanyjy adyny we gizlin açar sözüni döretmeli. Olary ulanmak bilen, müşderi «Onlaýn kabulhana» bölümçesinde zerur bolan resminamalary sargyt edip biler. Sargydyň taýýar bolandygy baradaky maglumat elektron ulgam arkaly, şeýle hem bankyň merkezi edarasynyň (ýa-da şahamçasynyň) degişli hünärmeni tarapyndan telefon arkaly habar berilýär. Müşderiler öz sargytlaryny almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da degişli şahamçasyna ýüz tutup bilerler.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklarynda, degişlilikde, daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini hem-de fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi üçin töleglerini onlaýn görnüşde tölemäge, şeýle-de «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak doldurmaga mümkinçilik berýän sanly töleg ulgamlary işe girizildi.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank» hyzmatyna laýyklykda, raýatlar alyş-çalyş amalyny onlaýn görnüşde amala aşyrmak üçin bir gezek banka gelip, tölege degişli resminamalaryň asyl nusgalaryny barladyp, daşary ýurt pulunda goýum hasaplaryny açmaly, şeýle hem ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Soňra müşderi bankyň resmi web saýtynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölümine girip, penjirede açylan meýdançalary talap edilen görnüşde doldurýar hem-de tölege degişli resminamalaryny ýükleýär. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda 34,8 müňe golaý müşderiniň bu hyzmatdan peýdalanmagy oňa uly isleg bildirilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň hödürleýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyna laýyklykda, töleg amallaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmak mümkindir. Munuň üçin müşderi bir gezek banka gelip, tölege degişli resminamalary getirenden soň, bank işgäri tarapyndan internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen, bankyň resmi www.tnbk.tm web saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Internet-bank» bölümçesiniň üsti bilen raýatlar hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bu hyzmata «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek üçin 1,5 müňden gowrak müşderiniň birikmegi bu hyzmatyň türkmenistanlylaryň arasynda meşhurlygynyň artýandygyny subut edýär.

Ykjam aragatnaşyk ulgamynyň ösüşindäki özgerişlikler döwrebap bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegiň esasy şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň karz edaralary ykjam telefonlar üçin nagt däl tölegleri, şol sanda galtaşyksyz tölegi amala aşyrmak üçin degişli ykjam goşundylary işläp düzýärler. Şeýle hyzmatlaryň hatarynda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Sanly töleg» ykjam goşundysyny görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen müşderiler bankyň resmi www.halkbank.gov.tm web saýtyndan halkara bank kart hasaplaryny banka barmazdan ygtybarly we aňsatlyk bilen aýma-aý dolduryp bilýärler. Geçirilen amallar baradaky maglumat hyzmaty ulanyjy raýatlaryň ykjam telefonlaryna SMS habary görnüşinde iberilýär. Bank hyzmatynyň bu görnüşi nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmäge we töleg-hasaplaşyk amallarynyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bankyň «Sanly töleg» ykjam goşundysyna 6,7 müňe golaý müşderi birikdirilip, olaryň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna pul serişdeleri geçirildi.

Raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy. Ykjam goşundyny ykjam telefonlara ýüklemek arkaly bankyň web saýtyndan onlaýn görnüşde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmak, onuň ýagdaýy bilen tanyşmak, karz taryhyny özbaşdak barlamak, zerur resminamalary elektron görnüşde ibermek, alyp boljak karzyň möçberini awtomatik görnüşde kesgitlemek mümkindir.

Bu ykjam goşundynyň esasy aýratynlyklarynyň biri müşderileriň şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň we aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartynyň maglumatlarynyň hem-de karz taryhynyň awtomatik usulda barlanylýandygydyr. Şol sebäpli raýatlaryň sarp ediş maksatly isleg bildiren karz serişdelerini almaklary üçin banka diňe bir gezek gelmegi ýeterlikdir. Munuň özi raýatlaryň wagtynyň tygşytlanmagy we amatlylyk taýdan ähmiýetlidir. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda «Sanly karz» ykjam goşundysynyň üsti bilen 1,2 müňe golaý müşderiniň ýüz tutup, jemi 33877,7 müň manat möçberinde karz serişdeleriniň resmileşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda işlenip düzülen «Halkbank terminal» ykjam programma üpjünçiligi hem işe girizildi. Bölek söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilýärler. Adaty töleg terminallaryndaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ählisini amal etmäge ukyply bolan bu ykjam programma üpjünçiligi harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek we amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçilikleri döredýär.

Eger-de ykjam telefonlarda «NFC» galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin bank kartyny ykjam telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir. Bu ýakynlaşdyrmanyň netijesinde, ykjam programma üpjünçiligi bank kartyndaky maglumatlary okaýar we satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin töleg kabul edilýär. Soňra ykjam telefonyň ýüzünde tölegiň kabul edilendigi barada elektron çek (hasabat kagyzy) peýda bolýar. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda «Halkbank terminal» hyzmatynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 75,3 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,94 esse artandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligi arkaly «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň TMCELL öýjükli aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, AŞTU-nyň (Aşgabat şäher telefon ulgamy) CDMA öýjükli aragatnaşyk telefon, internet, IP TV, öý telefony hyzmatlarynyň, «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatynyň, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem-TV plastik kartlary» hyzmatynyň töleglerini, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerime töleglerini islendik ýerde we günüň islendik wagtynda tölemek mümkindir.

Mundan başga-da, bu hyzmatyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň raýatlary ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge öz goşantlaryny goşmak üçin haýyr-sahawat geçirimlerini banka geçirip bilýärler. «Senagat töleg» ykjam goşundysynda raýatlara nagt däl görnüşde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik döredildi.

Synymyzdan hem görnüşi ýaly, sanly bank hyzmatlary nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň we müşderileriň wagtynyň hem-de sarp ediş önümleriniň (kagyz, kartrij, ýol harajatlary) tygşytlanylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, banklaryň işini kämilleşdirmek, şol sanda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Olaryň kömegi bilen bank amallarynyň we hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

«Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bu görkeziji, degişlilikde, 1721,7 müň we 12 189,8 müň manada ýetdi, bu bolsa hyzmatlaryň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 6773,9 million manada ýetdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35 göterim ýokarlandy.

Şeýle-de bank hyzmatlarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan tehniki üpjünçiligi döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri hem bellemek gerek. Bu ugurda bankara tor enjamlaryny kämilleşdirmek, sanly maglumat tehnologiýalaryny işjeň ulanmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak üçin zerur bolan programma üpjünçiliklerini giňden ornaşdyrmak, bankyň zerurlyklary üçin täze serwer enjamlaryny we disk massiwlerini gurnamak ýaly işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler görülýär.

Umuman, bank ulgamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bu pudagyň ösüşiniň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek bilen, milli ykdysadyýetiň bazar gurallaryny pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Soňky habarlar
29.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.05
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
29.05
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
29.05
Dost-doganlygy wasp edip
28.05
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
27.05
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
27.05
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.05
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
26.05
“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
top-arrow