Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 25.05.2025
1212

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, döredijiligiň, döwletliligiň, rowaçlyklaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň mekanyna öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni hem-de milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz bedew batly ösüş-özgerişlere beslenip, baş şäherimizde gurulýan binalardyr desgalar, giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işleri, bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly, döredýän we gurýan döwletdigini alamatlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara serginiň hem-de maslahatyň guralmagy, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilmegi we Türkmen halysynyň baýramynyň bu ajaýyp baýram bilen gabat gelmegi şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle ajaýyp günde gujagy gül çemenlerinden doly uçurymlaryň säher bilen mukaddesliklerimize tagzym etmekleri milli buýsanjyň belentliginden, bagtyýar geljege ynamyň berkliginden, Watana çäksiz söýginiň egsilmezliginden nyşandyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň döwletli başlangyçlaryňyz bilen häzirki döwürde gurulýan belent ymaratlar, gözel seýilgähler abadançylygyň, asudalygyň alamaty bolup, ýurdumyzyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtyýar şu günümize we geljegimize buýsanjy dabaralandyrýar. Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzasy bolmagy, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Gözel Aşgabadyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy-da barha artýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mesgeni bolan ak mermerli paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara giňişlikde üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary döwletimiziň dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze nusgalaryny döretmek, olaryň gadymy asyl nusgalaryny gorap saklamak, dikeltmek üçin möhüm şertler döredilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilýär. Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Siziň Permanyňyza laýyklykda, ussat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy halyçylarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halylary umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň halkara bileleşik tarapyndan gymmatly sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi dünýäde «Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ata Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäherini we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini nusgalyk derejede gülledip ösdürmek, türkmen halkynyň milli halyçylyk sungatyny kämilleşdirmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňiz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
top-arrow