Her ýyl giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni şöhratly ata-babalarymyzyň beýik mirasyna, ruhy däplerine uly hormat-sarpa goýulýandygynyň güwäsidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Esasy Kanunymyz hem-de ýaşyl tugumyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň aýrylmaz baglanyşygynyň, agzybir halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, dost-doganlyk ýörelgelerine laýyklykda ýaşamaga çalyşýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň yzysüre kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň halkymyzyň döwlet gurmakda toplan köpasyrlyk tejribesiniň we halkara hukugyň esasy ýörelgeleriniň iň gowy gymmatlyklaryny özünde sazlaşykly birleşdirmegi tötänden däldir. Hut Esasy Kanunymyz berkarar döwletimiziň onýyllyklaryň dowamynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ösüşiniň baş ugurlaryny kesgitläp, Watanymyzyň okgunly gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat boldy.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hem ägirt uly işleri amala aşyrmak we üstünlikleri gazanmak bilen, ýurdumyz saýlap alan özboluşly döredijilik, ösüş ýolunda ynamly gadamlar urýar. Şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen maglumatlar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Saýlanyp alnan ykdysady strategiýa, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depgininiň durnukly saklanylmagyny üpjün edýär. Ýylyň başyndan bäri onuň möçberi 6,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem senagat pudagynda 0,6 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,9 göterim, oba hojalygynda 4 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklary netijeli ösdürilip, oňyn önümçilik görkezijileri gazanylýar. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,2 göterim ýokarlandy. Durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň ýylyň-ýylyna artmagy täze taryhy döwürde üstünlikleriň gazanylmagyna gönüden-göni amatly şertleri döredýär. Ýanwar — aprel aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 11,4 göterim ýokarlandy.
Mälim bolşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, sebitleriň ösdürilmegi we senagatlaşdyrylmagy, senagat, ulag düzümleriniň giňeldilmegi boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinýär. Indi ençeme ýyllardan bäri Diýarymyzda hereket edýän önümçilikleri abatlamak we döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion enjamlary ornaşdyrylan iri senagat kärhanalaryny, importyň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürýän ýöriteleşdirilen zawodlary gurmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde eýeleýän ornuny ýylyň-ýylyna berkidýär. Birleşmäniň agzalaryna toplan oňyn tejribesi göz öňünde tutulyp, köp sanly möhüm taslamalaryň gurluşyklary ynanylýar. Şu ýylyň dört aýynda TSTB boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 112,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,5 göterime deň boldy.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň oňaýly ýaşaýşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň gurluşyklary batly depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu şanly ýylda hem möhüm binagärlik açylyşlary bolar. Olar Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça alnyp barylýan syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Şeýlelikde, ruhubelent halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi täze zähmet ýeňişleri bilen, jebislik, agzybirlik, ýokary ruhy galkynyş gurşawynda garşylady.