Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzdaky Parahat-7 kiçi etrapçada ýaşaýyş jaýlary we çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi
Jemgyýet
Paýtagtymyzdaky Parahat-7 kiçi etrapçada ýaşaýyş jaýlary we çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi
Çap edildi 25.01.2017
1787

Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsiniň hem-de çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. Täze degalaryň açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäherliler ýygnandylar. Täze jaýlaryň eýelerini gutlamaga medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, döredijilik toparlary gelip, aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň jaýlarynyň taslamasy olaryň binýadynyň, üçeginiň, diwarlarynyň netijeli çözgütleri esasynda düzüldi. Olaryň suwag işlerinde ýokary hilli iň häzirki zaman gurluşyk we beýleki serişdeler ulanyldy. Bir jaý 54 maşgala niýetlenendir, beýleki üçüsiniň her biri bolsa 36 öýlüdir. Täze jaýlar Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Ösüş gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, ol ýerlerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar hem-de awtoduralgalar peýda boldy. Bu ýerde “Oguz ýol” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 160 orunlyk çagalar bagy hem bar. Iki gatly mekdebe çenli edara binasy häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr hem-de çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi, terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertlere eýedir. Çagalaryň oýnamagy we dynç almagy üçin giň otaglar bilen bir hatarda bu ýerde maslahatlar we sport zallary, lukmançylyk otagy, suwda ýüzülýän howuz bar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigi hem-de onuň ilatynyň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň işlenip taýýarlanan taslamalarynyň tanyşdyryşy 2014-nji ýylyň dekabrynda geçirilipdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, köp öýli 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň hem-de beýleki desgalaryň gurulmagy--jemi 2 müň 520 maşgala niýetlenen öýleriň 60-syny, orta mekdepleriň 4-sini, çagalar baglarynyň 8-sini we Saglyk öýüni gurmak göz öňünde tutuldy.

Soňky habarlar
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow