Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 18.05.2025
133

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, agzybirligimizi we jebisligimizi, parahatçylyk hem-de dostluk taglymatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygymyzy dabaralandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu milli baýrama bagyşlanan göwün joşduryjy dabaralaryň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň dabaralanmasydyr. Watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýan Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň galkyndyryjy güýji bilen bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, milli senenamamyzda aýratyn orun tutýan bu baýramçylyk mynasybetli Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasynda we Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Baş baýdak meýdançalarynda, ähli şäherdir obalarymyzda eziz Watanymyzyň ösüşine, oňyn özgertmelerine bagyşlanan maslahatlar, aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilip, adamy jemgyýetiň we döwletiň beýik gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, agzybirligimiziň we jebisligimiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimiziň mukaddes nyşany bolup belentde parlaýan Döwlet baýdagymyza bolan sarpamyzy we söýgimizi dabaralandyrýarys. Bularyň ählisi Esasy Kanunymyzy hem-de Döwlet baýdagymyzy beýikligiň we mukaddesligiň täze derejesine götermek bilen, jemgyýetimizde egsilmez guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär. Biziň parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dünýä ýaýýar, mähriban halkymyzy beýik maksatlara alyp barýan rowana ýollarymyzda has-da jebisleşdirýär.

Hormatly adamlar!

Biz döwlet we syýasy gurluşyň milli hem-de dünýä tejribesiniň esaslaryny, umumadamzat gymmatlyklary siňdirilen Esasy Kanunymyza daýanyp, şeýle hem ýaşyl tugumyzyň astynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrýarys. Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Eziz Watanymyzyň abadan we bagtyýar geljegi üçin agzybirlikde milli maksatnamalarymyzy amala aşyryp, halkara derejede ykrar edilýän ýokary ykdysady ösüşleri gazanýarys. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny, sebitlerimizde häzirki zaman obalary, şäherçeleri, kiçi, orta we iri senagat önümçiliklerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurup, gülläp ösüşleriň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap-joşýan mekanynyň, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunyň — Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutup, täze sepgitlere tarap ynamly gadamlar bilen öňe gideris.

Hormatly adamlar!

Biz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur alyp, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýýarys. Hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny ösdürmek babatda toplanan gymmatly tejribelerimize daýanyp, eziz Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys. Bu gün dünýä bileleşigi biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we häzirki zamanyň örän möhüm meseleleri boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny işjeň goldaýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biziň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edip, halkara syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny, Ýer ýüzünde parahatçylygy we dostlugy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakdan ybarat bolar.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
17.05
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy
16.05
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
16.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyndaky ÇYKYŞY
16.05
Türkmenistan dünýä bazarynda ornuny pugtalandyrýar
top-arrow