Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
Çap edildi 01.05.2025
1509

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Bu habar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen bu forum uly ähmiýete eýe bolup, halkara jemgyýetçilikde-de oňyn seslenme döretdi. Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy. Bu gün bolsa şol Jemleýji resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Bu waka Arkadag şäherinde geçirilen halkara maslahatyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezip, Bitarap Türkmenistanyň çagalaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän syýasatynyň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi forumyň dowamynda garalan meseleleriň örän wajypdygyna hem güwä geçýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibindäki degişli ugurlar-da “Parahatçylyk medeniýeti”; “Durmuş taýdan ösüş”; “Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goramak”; “Çagalary goldamak we olaryň hukuklaryny goramak” mowzuklaryna bagyşlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mazmunynda-da Ýer ýüzünde parahat asmanyň astynda dost-doganlykda ýaşamak arkaly geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky wezipeler jemlenýär. Bu meseleleriň ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan içeri we daşary syýasatyna doly laýyk gelýändigi nazara alnanda, Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini üçünji gezek tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň hem örän kanunalaýyk çözgütdigini bellemek gerek.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow