Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Gahryman Arkadagymyz we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon arkaly söhbetdeşlik üçin GFR-iň Federal Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatynda geçirilen sammitiň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Frank-Walter Ştaýnmaýer hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Gatnaşyklaryň hukuk binýady ikitaraplaýyn resminamalaryň 100-e golaýy bilen berkidildi diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara syýasy gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biridir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu halkara maslahata Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.
Söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen forumynyň ornuna aýratyn üns çekildi.
Gahryman Arkadagymyz himiýa senagatyny, oba hojalygyny, saglygy goraýşy, ulag, dokma pudaklaryny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan “BASF”, “MAN”, “Deutsche Bahn”, “ThyssenKrupp” ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi. Şeýle-de “Siemens”, “Knauf” kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhüm hasaplanýandygy aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, “ýaşyl” ykdysadyýet, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde görkezildi.
Türkmenistan maliýe ulgamynda “Deutsche Bank”, “Commerzbank” we “Deutsche Bundesbank” ýaly german banklary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany ýagdaýda “Siemensiň” turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde kaliý mineral dökünini öndürýän ýeke-täk Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde “Thyssen Schachtbau GmbH”, “Schachtbau Nordhausen GmbH” ýaly belli german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa “BASF” kompaniýasynyň tejribesini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny hem-de häzirki wagtda ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň köpüsinde Germaniýada öndürilen enjamlaryň ornaşdyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň ähmiýetine üns berildi. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurt we sebit maksatnamalarynyň çäklerinde onlarça taslama amala aşyryldy.
Bilim, medeniýet, arheologiýa ulgamlaryndaky türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanda nemes dilini öwrenmäge hemişe uly gyzyklanmanyň bolandygy bellenildi we ýurdumyzyň Gýote instituty, Akademiki alyşmalar boýunça nemes akademiki gullugy (DAAD), Mekdepler: geljegiň hyzmatdaşlary (PASCH), Akademiki alyşmalar boýunça pedagogik gulluk (PAD) ýaly maksatnamalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy beýan edildi. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2018-2019-njy ýyllarda Germaniýada Margiananyň bürünç asyra degişli gadymy gymmatlyklarynyň arheologik sergisi üstünlikli geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şeýle serginiň ikinji tapgyryny geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiz 2024-nji ýylda Aşgabatda Iogann Wolfgang fon Gýotäniň heýkeliniň açylandygyny aýdyp, munuň Germaniýa hem-de onuň medeniýetine goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.