Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşmak üçin sebit ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler Aşgabada geldi.
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Dünýäniň 187 ýurduny agza hökmünde birleşdirýän bu gurama zähmet gatnaşyklarynyň umumy kabul edilen kadalara we düzgünlere laýyklykda alnyp barlyşyna gözegçilik edýär hem-de howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi ugrunda döwletleriň tagallalaryna goldawlary berýär.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” kabul edilmegi bilen, bu ugurdaky gatnaşyklar has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň durmuş-zähmet gatnaşyklaryna gözegçilik edýän düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde şu ýyl ilkinji gezek HZG-niň Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň arasynda bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi. Bu resminamada göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde geçirilen şu gezekki duşuşyk hem TKA-nyň Milli merkeziniň sebit ýurtlarynyň ugurdaş düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmeginde, zähmet gatnaşyklary şertlerinde işgärleriň hukuklaryny goramak boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara tejribeleriň alşylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylda Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Irden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Onda türkmen halkynyň durmuşyna, medeniýetine, sungatyna degişli gymmatlyklara möhüm orun berlipdir.
Duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, şanly seneler — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 30 ýyllygy, şeýle hem her ýylyň 28-nji aprelinde bellenilýän Zähmeti goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary ýurdumyzyň zähmetkeş raýatlaryny birleşdirýän, olaryň bähbitlerini goraýan hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan iri guramadyr. Ýurdumyzda hereket edýän kärdeşler arkalaşyklary diňe bir işgärleriň hukuklarynyň goraglylygy ugrunda çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary zähmete höweslendirmek babatda hem birnäçe çäreleri durmuşa geçirýär.
Türkmenistanda zähmeti ylmy esasda guramak arkaly zähmete bolan konstitusion hukuklaryň üpjün edilişini kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky kanunçylyk namalary halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda milli maksatnamalarda iş bilen üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, durmuş goraglylygyny giňeltmäge we durmuş hyzmatdaşlygyna ýardam etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar, işgärlere berilýän ýeňillikler zähmet gatnaşyklaryny ösdürmäge, döredijilikli zähmetiň netijeliligini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde täze iş orunlary döredilip, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde işgärleriň mynasyp zähmet çekmegi üçin şertler döredilýär.
Duşuşykda ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen yzygiderli ösdürýän hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns çekildi. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, geçen döwürde onuň 11 sany konwensiýasyny tassyklady. Konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolan ýurdumyz halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan kadalar öz beýanyny tapýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi işgärleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygyny goldamak, zähmet şertlerini gowulandyrmak işinde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan has-da ösmegine goşant goşýar.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy 30 ýyla golaý wagt bäri halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň berk binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy onuň özygtyýarlylygynyň, parahatçylyga, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtynda geçirilen duşuşyk bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli düzümleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, tejribeleri alyşmak üçin täze tapgyryň başyny başlaýar. Munuň özi sebit ýurtlaryndaky okgunly ykdysady we durmuş özgertmeleriniň çäklerinde hem möhüm ähmiýete eýedir. Bellenilişi ýaly, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň esasy wezipesi iş berijileriň we döwlet edaralarynyň öňünde işgärleriň bähbitlerine wekilçilik etmekden, zähmet kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmekden hem-de zähmet şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Adamyň hukuklaryna hormat goýmak, amatly zähmet şertlerini döretmek, iş bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini gowulandyrmak, ykdysady durnuklylygyň berkidilmegi durmuş adalatlylygynyň esasyny düzýän gymmatlyklardyr.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sebit ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Günüň ikinji ýarymynda duşuşyk “Bitaraplyk ýörelgeleri: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk”, “Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriň hukuklaryny goramakda tutýan orny” atly bölümçelerde dowam etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň we sebit döwletleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi. Olara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.