Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kolumbiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kolumbiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 28.04.2025
1659

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Kolumbiýanyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda doly ygtyýarly wekile Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň düzümi, onuň alyp barýan işi hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ektor Isidro Arenas Neýrany Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Arenas Neýranyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Kolumbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size we Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Iň gowy dostlukly arzuwlar bilen,

Gustawo Petro URREGO,

Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow