Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň şanly senäniň hormatyna guralýan giň möçberli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrülmeginde bolsa çuňňur many bar. Bu künjek şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekany hasaplanýar. Şu gün halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen nurana bedewleriň şanyna guralýan baýramçylygyň çäklerinde Arkadag şäherinde “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabarasy boldy.
Hepdäniň şenbe gününde bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilip, ol Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini artdyrdy. Nurana şäheriň görküne görk goşan Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabaralary bu künjekde guralan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Joşgunly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada aýdym-sazlara giň orun berildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen “Taýçanak” binasynyň ýanyndaky meýdançada türkmen toýlaryna mahsus görnüşler emele geldi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşda Taýçanak atly bedewiň tarypy ýetirilip, häzirki döwürde milli atşynaslykda öçmejek yz goýan Aba seýis ýaly ussatlaryň tagallasy esasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolandygy baradaky maglumatlar çeper beýan edildi.
Dabarada çykyş edenler Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini nygtadylar. Munuň özi ýurdumyzda asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Taryhyň dowamynda dürli döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Şunda ýyndamlykda, gözellikde we özboluşly reňk aýratynlygy babatda dünýäniň atşynaslarynyň uly gyzyklanmalaryna mynasyp bolan behişdi bedewlerimiziň şanyna tutumly toýlaryň guralmagynyň ähmiýetlidigini bellemek gerek.
Çykyşlarda ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna möhüm orun degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäherde ýygy-ýygydan saparda bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan desgalar we durky täzelenýän ýollar bilen baglanyşykly meseleler bilen yzygiderli tanşyp durýar. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň sazlaşykly dowam etmegine, olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähere amala aşyran saparlarynyň birinde bu ýerde “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan aralykdaky ýoluň durkuny täzelemek we ony «Ahalteke atlary şaýoly» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen başlangyjy oňlandygyny we onuň bu günki günde üstünlikli durmuşa geçirilendigini aýratyn bellemeli.
Geljekde täze şaýoluň ugrunda şöhraty dünýä dolan bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagy häzirki nesilleriň paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna bolan sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Şöhratly ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň binýadynda şol bedewiň nesil ugruna, taryhyna we gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň ýerleşdirilmegi ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny we söýgüsini has-da artdyrar.
Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrýan giň möçberli işleriniň senasy bolup ýaňlandy.