Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Çap edildi 26.04.2025
1733

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata-babalarymyzyň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şöhratly bedewlerimiziň şanyna döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydyr. Merdana halkymyzyň durmuşynda ganatly bedewlerimiziň tutýan orny aýratyn uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine «At agynan ýerinde toý bolar», «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar», «At çapmaz, bagt çapar» ýaly nesilden-nesle geçirilip, biziň şu günlerimize ýetirilen parasatly pähimler hem şaýatlyk edýär.

Hormatly atşynaslar!

Türkmen bedewiniň şan-şöhraty bu gün dünýäni haýran galdyrýar. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli gymmatlygydyr, pederleriň nesillere goýan mirasydyr. Milli buýsanjymyz bolan arassa ganly ahalteke bedewleri gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dosty, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Olar owadan syn-sypaty, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen giňden meşhurdyr.

Häzirki döwürde ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu festiwalyň Altyn baýragyna hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Behişdi türkmen bedewleriniň gadymy mekanynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýäde ahalteke atçylygynyň ösdürilmeginde, bu babatda alnyp barylýan işleriň döwrebap ýola goýulmagynda möhüm ähmiýeti bar. Milli atşynaslyk sungatyny we atly sporty ösdürmekde dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär. Eziz Diýarymyzda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherinde atçylyk boýunça ýokary okuw mekdebi bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem sebitde ilkinji «akylly» şäherde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi atçylygy ylmy esaslarda öwrenmäge uly itergi berdi.

Garaşsyz Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak, gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek boýunça zerur işler geçiriler.

Hormatly atşynaslar!

Paýhasly pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzündäki tohum atlaryň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna we milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr. Behişdi ahalteke bedewlerini milli seçgiçilik esasynda kemala getiren ata-babalarymyz bu ugurda öz ussatlyklaryny görkezip, nusgalyk işleri bitiripdirler. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Munuň özi halkymyzyň durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Çünki ganatly bedewlerimiz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr.

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow