Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
Jemgyýet
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
Çap edildi 23.04.2025
73

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar.

Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy döwürdäki okgunly ösüşleriniň nyşanydyr. Ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde milli atçylyk däplerini gorap saklamak hem-de ony üstünlikli dowam etdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, dünýäde wagyz etmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralar hem toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň geçirilmegi asylly däbe öwrülen mejlisleri hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesi bilen bir hatarda, assosiasiýanyň ýubileý mejlisi bilen hem gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň köpasyrlyk seçgiçilik tejribesinden we zehininden kemala geldi. Irki döwürler ata-babalarymyz öz mukaddes topragyny wepaly ýoldaşy — bedewi bilen goran bolsa, häzirki wagtda ol parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy bolan berkarar Watanymyzyň toý-baýramlarynyň bezegine öwrüldi. Şunda atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden hem-de ýaş nesillere ýetirmekden, behişdi bedewlerimizi dünýä derejesinde wagyz etmekden ybaratdyr.

Döredilen wagtyndan bäri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaga isleg bildirýänleriň sany hem barha artýar. Munuň özi assosiasiýanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň beýanydyr. Şeýle hem atçylyk pudagyny ösdürmäge goşant goşýan ýurdumyzyň we daşary döwletleriň raýatlary bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilip, olara hormatly atlar dakylýar.

...Irden Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynyň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisine gatnaşyjylar akademiýanyň binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.

Halkymyzyň geçmiş taryhynyň we häzirki durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän bedewler türkmen sungatynda owadanlygyň, kämilligiň, wepalylygyň nusgasy hökmünde wasp edilýär. Asyrlara uzaýan taryhy bolan türkmen milli atşynaslyk mekdebi häzirki döwürde dünýäniň medeni mirasynyň genji-hazynasynyň gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada degişli güwänama gowşuryldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

...Soňra ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine assosiasiýa tarapyndan alnyp barlan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak, assosiasiýa täze agzalary kabul etmek hem-de beýleki guramaçylyk meseleleri girizildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde assosiasiýanyň geçen döwürde dünýä boýunça ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän atçylyk toplumlarynyň ýolbaşçylaryny, belli atşynaslary, seýisleri özara birleşdirýän, olaryň özara hyzmatdaşlygyna ýardam edýän iri halkara düzüme öwrülendigini bellediler.

Atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş, iş şertleri yzygiderli gowulandyrylyp, atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy milli atşynaslyk däpleriniň häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda ösdürilmegi babatda daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen gatnaşyk saklaýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina Ýakob Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda bolmagyň özi üçin belent hormatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, atly sport bilen meşgullanmak her bir ýaşdaky adam üçin peýdalydyr. Ol beden saglygy bilen bir hatarda, özüňe bolan ynamy-da berkidýär. Sportuň beýleki görnüşleri ýaly, atly sport, şeýle-de atçylyk pudagy halklaryň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek, iri ýaryşlary guramak we tejribeleri alyşmak üçin hem geljegi uly ugurlaryň biridir.

Mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş eden Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Eýle Keýt Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda assosiasiýanyň alyp barýan işlerini mundan beýläk-de giňeltmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, hoşniýetliligiň hem-de parahatçylygyň nyşany hasaplanýan ahalteke atlary we olary ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler dünýäniň ençeme ýurtlarynyň halklaryny özara birleşdirýär. Şeýle-de çykyşda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglar beýan edildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo sanly ulgam arkaly çykyşynda geçen döwrüň içinde assosiasiýanyň dürli ýurtlaryň atçylyk kärhanalarynyň, degişli pudagyň hünärmenleriniň, ippolog alymlaryň we ady rowaýata öwrülen bedewlere aýratyn gadyr goýýan adamlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança öwrülendigini belledi. Bu düzümiň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljegini maslahatlaşmak, onuň gerimini giňeltmek, ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam etjek täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Nygtalyşy ýaly, Ýewropa ýurtlarynyň atşynaslary ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýärler. Bu ugurdaky işlerde seçgiçilige, atlaryň baş sanyny artdyrmaga, sebitiň ýurtlarynda behişdi bedewleriň muşdaklarynyň köpelmegini şertlendirýän okuw maksatly çäreleriň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloiza Žirardy sanly ulgam arkaly çykyşynda şu ýylyň başynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda görkezen ajaýyp çykyşlaryndan galan täsirlerini paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, bu festiwal sirk sungaty boýunça dünýäde iň iri we ähmiýetli çäreleriň biridir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çalasyn emelleri, bedewleriniň ajaýyplygy tomaşaçylaryň kalbynda uly orun aldy. Ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak gözelligi, ýyndamlygy, çapyksuwarlaryň hereketleriniň sazlaşygy we lybaslarynyň milliligi, çylşyrymly emelleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi — bularyň ählisi tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş eden daşary ýurtly wekiller «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem olar öz ýurtlarynda geçirilýän sirk festiwallarynda bu toparyň wekilleriniň çykyşlaryna tomaşa etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdylar.

Mejlisiň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentiniň assosiasiýanyň dolandyryş müdiriýetiniň agzalygyna türkmen we daşary ýurtly täze agzalaryny kabul etmek barada çykaran çözgüdini tassyklamak boýunça Karary okaldy.

Hormatly ada eýe bolan ýurdumyzyň atşynaslary hem-de assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilen daşary ýurtly raýatlar ýokary sylag we bildirilen ynam üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar türkmen atşynaslyk däplerini ösdürmek, ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak ugrunda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri bilen bagly meselä hem seredilip, bu boýunça degişli çözgüt kabul edildi. Çärä gatnaşyjylar atçylyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzy we döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine gatnaşyjylar onuň jemini jemläp, bu duşuşygyň atçylyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmäge, owadanlygy, syratlylygy, ýyndamlygy boýunça deňsiz-taýsyz behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
23.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
23.04
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
23.04
Aşgabatda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş başlandy
23.04
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.04
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara
22.04
Kuala-Lumpurda halkara maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow