Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şanly baýramlaryň milli senenamasynda mynasyp orun alan we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan Bütindünýä saglyk güni türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bu syýasatyň ileri tutulýan wezipesidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Saglygyň we sportuň biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanýan döwlet Baştutanymyz dürli sport çärelerine gatnaşyp, hemmelere görelde bolýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle çäreleri guramak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň bu asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwürdi.
Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşýarlar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary taýýarlapdyrlar.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.
...Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem her ýylda guralýan şeýle ýörişlere gatnaşýan ýaşlaryň, şol sanda uly ýaşly adamlaryň sany barha artýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu möhüm ulgamyň ösdürilmegi ynsan saglygyny berkitmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň, adamlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Täze Arkadag şäherinde bolsa innowasion lukmançylyk klasteri kemala gelýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, sport ussatlaryny, degişli düzümiň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem-de mümkinçiliklere eýedir. Muňa anyk mysal hökmünde paýtagtymyzdaky köpugurly Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar. Onuň degişli desgalarynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, ondan soňky ýyllarda bolsa beýleki birnäçe iri halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Döwrebap sport desgalarynyň toplumy Arkadag şäherinde hem guruldy. Bedenterbiýe we sport, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikler Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda-da göz öňünde tutulandyr. Ýerli howa şertleri üçin adaty bolmadyk gyşky sport görnüşlerine, hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň häzirki wagtda uly höwes bilen özleşdirýän figuralaýyn typmagyň we hokkeýiň ösüşine-de täze itergi berildi.
Döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän goldawlaryna mynasyp jogap hökmünde türgenlerimiz abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, ajaýyp netijeleri gazanýarlar hem-de täze baýraklar bilen Watanymyzyň sport üstünlikleriniň üstüni ýetirýärler. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlaryny ilerletmäge, Olimpiýa hereketiniň ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik ýaly maksatlaryny goldamaga amatly şertleri döredýär. Sport diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, degişli Kararnama 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak, halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Welosport barada aýdylanda, ol sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen we dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda hem uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň özboluşly taryhy bar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.
Türkmenistanlylaryň arasynda-da welosipedi ulag serişdesi hökmünde hem-de wagty peýdaly geçirmek maksady bilen ulanýanlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen birlikde, welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýar. Ony gezelençlerde we syýahatlarda ýa-da sport ulagy hökmünde ulanmak bilen, adamlar diňe bir saglygyny berkitmän, eýsem, daşky gurşawa aýawly we jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini hem görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ähli durmuş-ykdysady, pudaklaýyn maksatnamalaryň, gurluşyk taslamalarynyň ekologik ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtamak zerurdyr.
Halkymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek boýunça asyrlaryň dowamynda kemala getiren parasatly ýol-ýörelgeleri häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan, ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletli strategiýada öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli her ýylda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri esasynda Watanymyzda tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň çäkleri barha giňeýär. Munuň özi ýerli howa şertlerine, umumylykda bolsa ekologik ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.
...Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurdumyzda ekologik abadançylygy mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa bolsa paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Saglygy goraýyş, sport we ekologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wezipeleri çözmekde jogapkärçilikli orny eýeleýän Türkmenistan bu babatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, ýurdumyzyň welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek boýunça teklipleri dünýä giňişliginde uly goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky başlangyjy ýurdumyzyň ekologiýa babatda hyzmatdaşlyga jogapkärli we uzak möhletleýin esasda çemeleşýändiginiň anyk mysalydyr.
Welosipediň ähmiýeti baradaky gürrüňe dolanyp, onuň artykmaçlyklary hakynda hem nygtamak möhümdir. Ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan welosipedi dolandyrmak örän ýeňil bolup, ol bedeni sagdyn, ykjam saklamak üçin ajaýyp türgenleşik serişdesidir. Welosipedde gezim etmek adam bedeninde deňagramlylygy saklamaga, onuň çeýeligini ýokarlandyrmaga, kesellere durnuklylygyny berkitmäge, dürli keselleriň döräp bilmek ähtimallygyny azaltmaga ýardam edýär. Şeýle-de welosipedli gezelençler daşky gurşawyň tebigy gözelliklerini synlap, olardan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Arassa howada geçirilen wagt göwnüňi göterip, süňňüňe güýç-kuwwat eçilýär. Munuň özi adamyň ruhy hal-ýagdaýyna, umumy pikirleniş ukyplaryna oňyn täsirini ýetirip, iş öndürijiligini ýokarlandyrýar, döredijilik bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.
Umuman, welosport hem-de welosipedli gezelençler ruhubelentligiň, saglygy berkitmegiň, maşgala bolup wagtyňy hoş geçirmegiň çeşmesidir. Bu gyzykly güýmenje bilen meşgullanýanlaryň we onuň bilen baglanyşykly geçirilýän sport çärelerine gatnaşýan ýaşlaryň sany barha artýar. Welosiped aglaba wagtyny okuw bilen geçirýän ýaş nesil üçin sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerine eýermegiň netijeli usulydyr. Bilim işiniň internete we sanly ulgamlara, interaktiw-multimedia tehnologiýalaryna geçýän zamanynda bilim alýan ýaşlar köp wagtyny kompýuteriň öňünde geçirýärler. Şeýle ýagdaýda yzygiderli welosipedli gezelençler ajaýyp maşk hem-de sagdyn dynç almagyň bir görnüşi bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi ýaş nesilleriň beden saglygynyň pugtalanmagyna, aň-paýhas işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Welosipedde gezim etmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.
Türkmenistanda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge mynasypdyr.
...Hormatly Prezidentimiziň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary paýtagtymyzyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Ýaz paslynyň säheriniň jana tenekar arassa howasy, ýaşyl begrese bürenen Köpetdagyň gözellikleri şähdiňi açyp, ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlaýar. “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip atlandyrylýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.
Güllere beslenen seýilgählerdir seýilbaglar Aşgabadyň iň gözel we özboluşly künjekleridir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi oturdylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabaralar döredijilik mirasy bütindünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen görnükli söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri bolan meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlardyr sazandalaryň heýkelleriniň hatary toplumyň gaýtalanmajak binagärlik düzümini emele getirýär. Munuň özi häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
...Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz sport-sagaldyş çäresine gatnaşanlara berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynsanperwer gymmatlyklara, durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, saýlap alan döredijilik ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
***
Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 — 7-nji aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň hataryndadyr.