Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 07.04.2025
1021

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda parahatçylygy, dostlugy, sporty we ynsanperwerligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary agzybirligimizi we bitewüligimizi has-da berkidýän möhüm wakalara beslenýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerimiziň giňden rowaçlandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Dünýä halklaryny hem-de döwletlerini umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen maksatlaryň daşyna jebisleşdirýän bu halkara baýramçylyga gabatlanyp, paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlarymyzdaky köpugurly sport toplumlarynda, döwrebap stadionlarda, ajaýyp sport meýdançalarynda geçirilýän medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport çäreleri sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek babatda gazanylýan üstünlikleriň ykrar edilmesi hökmünde dabaralanýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň oňyn netijesidir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Röwşen geljegimiz bolan çagalar baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine hem-de halkara kadalara laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Çünki bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä, geljegimiz bolan çagalaryň we ýaşlaryň saglygy, abadançylygy ugrunda, hormatly Prezidentimiz, Siziň baştutanlygyňyzda örän netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine berlen ýokary baha hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu ajaýyp halkara baýramçylyk sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
28.07
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
28.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
27.07
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
26.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
25.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.07
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25.07
Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
25.07
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.07
Dokma senagaty — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri
top-arrow