Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Din işgärleri däp-dessurlaryň özboluşlygyny hem-de ýörelgelerini saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar
Jemgyýet
Din işgärleri däp-dessurlaryň özboluşlygyny hem-de ýörelgelerini saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 24.01.2017
2080

Şu gün Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň mejlisler jaýynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda özboluşly milli däp-dessurlarymyzy, ýol ýörelgelerimizi, dini ynanjymyzy gorap saklap, olary dowam etdirip, geljekki nesillerimize ýetirmek dindarlaryň mukaddes borjudyr” atly amaly-maslahat geçirildi. Onuň işine welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirýän we dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna giren milli ýörelgelerimiziň, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzyň aýratyn many-muzmun bilen baýlaşýandygyny hem-de jemgyýetimiziň ruhy taýdan sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky” Konstitusion kanunynda: “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna --türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň bähbidine jar edilýär” diýlip kesgitlendi. Döwlet özygtyýarlylygy sözüň doly manysynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli ruhy hem-de maddy gymmatlyklary täzeden dikeltmäge mümkinçilik berdi. Olarda edermen halkymyzyň duýgulary, tämiz pikirleri äşgär duýulýar hem-de bu ýörelgeleriň astynda nesilden-nesle geçip gelýän çuňňur ynsanperwerlik dessurlary bar. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ösdürilmegine, halkyň döredijilik ruhunyň we mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleriň ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleriň oňyn binýadyny emele getirýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän syýasatynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar mundan beýläk-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ägirt uly özgertmelere beslenen üstünliklerini wagyz etmäge, milli mukaddesliklerimizi, halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny we asylly ýörelgelerini çäksiz hormatlaýan ruhubelent nesilleriň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde-de mähriban Watanymyzyň eşreti üçin yhlas bilen işlejekdiklerine, parasatly we merdana ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, milli we ahlak gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow