Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Çap edildi 03.04.2025
2198

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Şunda ulag diplomatiýasy, maýa goýum, howanyň üýtgemegi, energetika, ylym-bilim, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly ugurlara uly orun degişlidir.

Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda üstünlikli ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellemek gerek.

...Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Samarkant şäheriniň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyrýan iş saparynyň birinji gününde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşyklary geçirdi.

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite, şeýle hem halkara klimat forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Şeýlelikde, Samarkantda ýokary derejede geçiriljek şu gezekki sammit iki sebitiň arasyndaky uzak möhletleýin, köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow