Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministrini kabul etdi
Çap edildi 02.04.2025
1522

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi.

Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň iberen salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Emir Turki bin Mohammed Al Saudyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Patyşa maşgalasynyň agzalaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtlardyr. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud birek-birege berk jan saglyk we abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
10.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň gallaçylarynyň zähmet üstünligi bilen gutlady
10.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
10.07
G.G.GARLYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.07
B.AMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.07
ŞAMYRADOW A.A. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.07
G.Ş.MYRADALYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.07
HOJABERDIÝEW A.H. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.07
H.H.ŞANAZAROWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow