Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Çap edildi 02.04.2025
1482

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdiler.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, olaryň şu gezekki saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Döwlet derejesinde sporty ösdürmek üçin möhüm çözgütler kabul edilip, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagallalar edilýär.

Myhmanlar Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygyny bellediler. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu sport çäresi türkmen sportunyň ösüşine itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga goşant goşdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Sport desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, türgenler üçin amatly şertleri döretmek, halkara ýaryşlary geçirmek ýurdumyzyň sport syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şu günki duşuşyk hem sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we Olimpiýa hereketini ösdürmäge goşant goşmak babatda wajyp ädimdir.

Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň sport babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşantlary we bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna hemişe goldaw berýändikleri üçin Huseýn Al-Musallama hem-de Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Aziýada Olimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy
26.07
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli dialog
25.07
Adam hukuklary boýunça pudagara toparyň mejlisi
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
top-arrow