Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy
Çap edildi 29.03.2025
1835

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisine çakylygy kabul edendigi hem-de halkara maslahata işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberen mähirli salamyny beýan etdi.

Saida Mirziýoýewa ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, çagalaryň saglygyny goramak ýaly möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmakda we bu ugurda bilelikde iş alyp barmakda forumyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem myhman Arkadag şäheriniň gözelliginiň we «akylly» şäherde ýaşaýyş-durmuş üçin döredilen mümkinçilikleriň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny belledi. Gysga wagtyň içinde şeýle şäheriň kemala gelmegi Türkmenistanyň uly ykdysady kuwwata eýedigini subut edýär. Halkara maslahatyň bu täsin şäherde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgeler asyrlarboýy biziň halklarymyzy birleşdirip, özara gatnaşyklaryň binýadyny emele getiripdir. Häzirki döwürde bu ýörelgeler döwletara gatnaşyklarda öz beýanyny tapýar. Şunda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyga hem möhüm ähmiýet berilýär.

Myhman Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň şaýady bolandygyny aýdyp, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ulgamyň binýadyny kämilleşdirmek babatda ýetilen sepgitlere ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetirýän işleriniň ähmiýetine üns çekildi. Saida Mirziýoýewa Özbegistan Respublikasynyň çagalaryň saglygyny goramak babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny belläp, doganlyk ýurduň türkmen tarapy bilen tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygy berkitmäge, umumy maksatlara ýetmek üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow