Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ruhy tämizligiň, ynsanyň hemmetaraplaýyn kämilleşmeginiň çeşmesi bolan bu baýram biziň halklarymyzyň jebisliginiň has-da pugtalandyrylmagyna we abadançylygyna ýardam berýär.
Ähli musulmanlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan bu sahawatly günlerinde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size bagtyýarlyk, işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin! Goý, Beýik Biribar biziň hoşniýetli dileglerimizi, sogap işlerimizi kabul etsin hem-de Oraza aýynda ähli maksatlarymyza ýetmäge medet bersin! Baýramyňyz gutly bolsun!
Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, rysgal-bereket dileýärin.
Meniň iň gowy arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hoşallyk duýgularymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza aýynyň tamamlanýan hem-de dünýäniň ähli musulmanlarynyň Oraza baýramyny garşylaýan günlerinde Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Bu sahawatly günlerde Beýik Biribardan biziň doga-dileglerimizi hem-de sogap işlerimizi kabul etmegini, ähli musulman ymmaty üçin has ýagty we howpsuz geljege tarap umytlarymyzyň amala aşmagyna medet bermegini dileýärin.
Hormatly jenap Prezident, goý bu baýram Size rysgal-döwlet we bagt getirsin, biziň dostlukly ýurtlarymyz okgunly ösmegini hem-de rowaçlanmagyny dowam etsin!
Doganlyk hormaty hem-de hoşallyk bilen,
Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Size mukaddes Oraza baýramyny şatlykda we abadançylykda garşylamagy arzuw edýärin.
Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we rysgal-bereket dileýärin.
Meniň iň gowy arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hoşallyk duýgularymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, rysgal-bereket dileýärin.
Meniň iň gowy arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hoşallyk duýgularymy kabul ediň!
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny ylalaşyk, doganlyk hem-de rehimdarlyk ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Yslam dini parahatçylygyň, döredijiligiň ýoludyr, Oraza baýramy bolsa onuň subutnamasydyr we beýanydyr. Asylly, sogap, rehim-şepagat işleriniň dabaralanmasy bolan mukaddes Oraza aýy tamamlandy. Oraza baýramy musulmanlaryň ynanjyny hem-de kuwwatly erk-islegini alamatlandyryp, dünýäniň ähli musulmanlaryny dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we jebisleşmäge çagyrýar.
Bu baýramçylyk günlerinde Size we Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!
Mintimer Şaýmiýew,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi.