Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap suw desgalary açyldy
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap suw desgalary açyldy
Çap edildi 28.03.2025
259

Düýn Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda döwrebap suw we lagym arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, welaýatlaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynda möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýäniň önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap suw desgalary yzygiderli ulanmaga berilýär.

Suw we lagym arassalaýjy desgalaryň nobatdaky açylyş dabaralary hem welaýatlaryň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabaralarda çykyş edenler döwrebap suw desgalarynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem olar ýurdumyzyň sebitlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän desgalardyr binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar täze desgalaryň işi, olarda bar bolan kuwwatlyklar, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde bir gije-gündizde 10 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga ukyply desgada suwy rejeli ulanmakda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylypdyr. Täze toplumyň açylmagy etrabyň Duşak şäherçesiniň we oňa ýanaşyk obalaryň ilatyna ajaýyp sowgat boldy.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäherinde ulanmaga berlen 1-nji we 2-nji göterim suw göteriji beketli suw alyjy desgalary bolan toplum bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwy arassalamaga niýetlenendir. Bu ýerde toplumyň işleýşini döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen dolandyrýan edara binasy, suwuň düzümini yzygiderli gözegçilikde saklaýan barlaghana hereket edýär. Jemi 4,5 gektar çäkde ýerleşýän toplumda tehniki desga, howuzlar, suw eltiji we geçiriji ulgamlar göz öňünde tutulypdyr.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde ulanmaga berlen desga bir gije-gündizde 5 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga ukyplydyr. 2,5 gektar töweregi çäkde ýerleşýän toplumda häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylyp, olar lagym suwuny ýokary derejede arassalap, ekerançylyk maksatlary üçin gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Lagym suwuny arassalaýjy desganyň işine kompýuterler arkaly gözegçilik edilýär.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda bir gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy hem köp adamly boldy. Täze desga ýerasty suw ýataklaryndan alnan suwlary arassalap, ony etrabyň Serhetabat şäheriniň we oňa ýanaşyk obalaryň ilatyna bökdençsiz ýetirmäge şertleri döredýär. Toplumda edara binasy, tehniki desga göz öňünde tutulypdyr.

Ýurdumyzyň sebitlerinde ulanmaga berlen suw desgalarynda döredilen şertler suw hojalygynda, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek babatda bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bag nahallary oturdylypdyr. Bu desgalar ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegine-de mümkinçilik berýär.

Täze suw we lagym arassalaýjy desgalaryň ählisiniň gurluşyklarynyň ýerli hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi hususy pudagyň wekilleriniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär. Häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalaryna iri taslamalar ynanylyp, olaryň işlemekleri, döwletimiziň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmaklary üçin amatly şertler döredilýär. Geçirilen dabaralaryň çäklerinde desgalaryň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňky habarlar
31.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
30.03
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.03
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
30.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
29.03
Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi
29.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.03
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşdy
top-arrow