Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi täze başlangyçlaryň, özgerişiň hem-de sazlaşygyň nyşany bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Gruziýada ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da çuňlaşdyryljakdygyna we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygymy beýan edýärin.
Mihail KAWELAŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna şatlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu baýram biziň ýurtlarymyza hem-de tutuş dünýä abadançylyk, ösüş getirsin! Nowruz baýramy täzelenişi, umyt-arzuwy, sazlaşygy alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine ýakyn doganlyk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklaýaryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammad Şahbaz ŞARIF,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri bahar baýramyny mähirli duýgular, ýagşy niýetler bilen garşylapdyrlar. Nowruz baýramyny ýagty geljege umyt bilen baglanyşdyrypdyrlar. Bahar paslynyň, täze başlangyçlaryň buşlukçysy bolan bu nurana baýram ýurtlarymyza rysgal-döwlet, abadançylyk getirsin!
Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Bakytžan SAGINTAÝEW,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size belent hormat goýýandygymy beýan edýärin we Sizi hem-de tutuş türkmen halkyny türki halklaryň gadymy däp-dessurlaryny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza döwletleriň Nowruz baýramyny giňden bellemekde öz beýanyny tapýan medeni umumylygy biziň öňde goýan asylly maksatlarymyza ýetmäge hem-de ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berýär.
Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýmak we hoşallyk bilen,
Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň ähli dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu mukaddes baýramyň däpleri, belent ruhy taglymlary halklarymyzy taryhyň dowamynda päklige we halallyga, özara hormat goýmaga, birek-birege goldaw bermäge, raýdaşlyga, hoşniýetlilige çagyrýar. Oraza baýramynyň gymmatlyklary esasynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyklykda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Şu nurana günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we durnuklylyk, abadançylyk, rowaçlyk eçilmegini dileýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň mukaddes baýramy bolan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşan halklarymyzyň bähbidine Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalarymyzyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.
Şu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza baýramy jebisligiň, hoşniýetliligiň we rehimdarlygyň nyşany bolup, adamlary sabyrlylyga, birek-birege goldaw bermäge çagyrýar. Bu nurana günde her bir maşgala parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde özara bähbitli gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk eçilmegini dileýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, iň gowy doganlyk arzuwlarymy kabul ediň!
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, üstünlik, ähli musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Muhammad Ýunus AL-MANFI,
Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymyzy we iň gowy arzuwlarymyzy kabul ediň!
Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri Li Sýan LUN maşgalasy bilen.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Size Oraza baýramy mynasybetli ähli tatarystanlylaryň adyndan we öz adymdan mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. Musulmanlaryň millionlarçasy bu baýramy nurana duýgular bilen garşy alýar. Goý, bu mübärek baýramyň şatlygy we ruhubelentligi dünýäde hoşniýetlilik, adalatlylyk taglymlaryny mundan beýläk-de berkarar etmäge, dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hyzmat etsin!
Size, Siziň ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, asylly işleriňizde Beýik Allatagalanyň ýar bolmagyny arzuw edýärin.
Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!
Öz adymdan, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň we onuň edaralarynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk dileýäris.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hisseýn Brahim TAHA,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.