Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi
Çap edildi 27.03.2025
2300

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem myhman Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşjakdygyny aýtdy we bu duşuşygyň netijeleriniň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ulgamdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli alnyp barylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçilikleri göz öňünde tutulanda, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň sebit üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow