Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Emomali Rahmonyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen gutlady hem-de Täjigistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan umumy taryhy, medeni kökleri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň daşary işler ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, doganlyk ýurduň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine taýýarlyk görmäge bagyşlanan 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyrýan şu gezekki saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhletli hem-de strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyz häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň, yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň ähmiýetini belledi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasynyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen gutlady hem-de bu Kararnamalaryň awtordaşy bolan Täjigistanyň şanly sene mynasybetli şu ýyl geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunda söwda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu babatda bilim-ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň dabaraly açylmagynyň biziň halklarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi. Şeýle-de Prezident Emomali Rahmonyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mizemez dostluk, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna abadançylyk arzuw etdiler.