Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 27.03.2025
600

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Özbegistanyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik berjek duşuşyklarda üstünlikleri arzuw edip, gepleşikleriň jemleriniň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn formatda hem döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen, mizemez hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky döwletara dialoga mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp şertidir. Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa birek-biregiň başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklary bilen baglylykda, Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýokary görkezijilere eýedir, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklar işjeň giňeldilýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary işler ministri medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, asyrlar aşyp gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
27.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
27.06
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
27.06
2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek bellenildi
27.06
A.Muhammedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi
27.06
H.Handurdyýew Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi
27.06
H.Kadyrow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2025: jemleýji dabaralar
27.06
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň äh­li hal­ky­na
top-arrow