Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Çap edildi 26.03.2025
1812

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Nowruz baýramy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu bahar baýramy agzybirligiň, hoşniýetli däpleriň, parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.

Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin!

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
01.07
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.07
Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy
01.07
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
top-arrow