Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 26.03.2025
1952

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Pespälligi mylaýymlyk, kanagaty sahylyk, päkligi asyllylyk, bilimi danalyk, dogruçyllygy hoşamaýlyk, ýagşylygy jomartlyk, gülerýüzlüligi dostluk hasaplan ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň ulgamynda nusgalyk maddy we ruhy hazynalary, milli däpleri, ynanç-adatlary, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini hem-de taglymatlaryny döredipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gymmatly genji-hazynanyň gadyr-gymmaty has-da ýokary derejä çykyp, adamzady doganlaşdyrýar, geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýär. Jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde-de nesillerde milli buýsanjy pugtalandyrýar. Bu gymmatlyklaryň arasynda beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy bolan Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň dessurlary aýratyn orny eýeleýär. Ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, olar biziň günlerimizde hem musulman dünýäsi bilen birlikde mynasyp dowam etdirilýär.

Haýyr-sahawatly bu mukaddes gijede agzaçar sadakalary berlip, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjitlerde tarawa namazy okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň berkararlygy, rowaçlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy, asudalygy üçin doga-dilegler edilýär.

Ynsana gadyr goýmak, haýyr-sogaply işleri iň ýagşy günler bilen baglanyşdyrmak beýik nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýlip yglan edilen biziň döwrümizde mynasyp dowam etdirilýän milli ýörelgämizdir. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini, milli ýörelgelerini goldanyp, iş kesilenleriň günäsini geçip, olaryň maşgala agzalarynyň arasyna gowuşmaklary üçin zerur şertleri döredýäris. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýän belent ynsanperwerligimizdir we milli ýörelgelerimizdir, barha pugtalandyrylýan agzybirligimizdir, Zemine dolýan bagtyýarlygymyzdyr, rowaçlygymyzdyr.

Hormatly adamlar!

Döretmek we gurmak biziň ähli ösüşlerimiziň, täze belentliklerine tarap öňe hereket etmegimiziň hem-de berkarar döwletliligimiziň ýoludyr. Beýik pederlerimiziň iň belent we asylly arzuwlaryndan kemala gelen bu ýol bizi bagtyýar durmuşa ýetirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ýola eýerip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris, giň gerimli, okgunly, tutumly işleri üstünlikli amala aşyryp, Watanymyzyň pajarlap ösüşini üpjün edýäris. Döredijilikli zähmetimiz, eziz Diýarymyza bolan beýik söýgimiz, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyz esasynda ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys. Berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň artmagynyň, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagynyň bähbidine gönükdirilen önümçilik, inženerçilik we durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşyklaryny depginli dowam etdirýäris.

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlarymyzyň esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, gaýnap-joşýan bagtyýar durmuş halkymyzy beýik işlere hem-de halal zähmete galkyndyryp, kalbymyzda Garaşsyz döwletimize egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýar. Geljekde-de abadançylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýarlygyň hatyrasyna ägirt uly işleri amala aşyrarys, kuwwatly täze kärhanalary, önümçilik merkezlerini, döwrebap şäherleridir obalary gurarys. Bereketli topragymyzdan Ýer ýüzüne uzaýan parahatçylyk, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýollary arkaly dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da berkideris.

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän tagat-ybadatlaryňyz, agzybirligimiz we abadançylygymyz, dünýäde abraýy barha belende galýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň berkararlygy, rowaçlygy üçin edýän doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda
04.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
04.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow