Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 25.03.2025
771

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek hormatyna eýedirin. Pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklary durnukly ösüş häsiýetine eýe bolup, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki özara hereketlerimiz yzygiderli ilerledilýär, dürli ulgamlardaky gatnaşyklarymyz çuňlaşdyrylýar. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” döredilmegini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin Siziň bilen ähli ulgamlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Parahatçylyk, doganlyk, raýdaşlyk ýörelgelerini özünde jemleýän Nowruz baýramynyň halkara dialogy we hyzmatdaşlygy ilerletmekde täze üstünlikleriň buşlukçysy bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi tebigatyň janlanmagynyň, röwşen geljege umyt-arzuwyň nyşany bolan ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklaryň ähli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Şu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň Hökümetine, şeýle hem türkmen halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlaglaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmäge şatdyryn hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

2023-nji ýylda Siz iki gezek Hytaýda saparda bolduňyz we olaryň barşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak hem-de ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” ýörelgesini amala aşyrmak baradaky meýli yglan etdiňiz. Men Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde Si Szinpiniň we Siziň araňyzda gazanylan ylalaşyklary doly durmuşa geçirmäge, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen baglanyşykly hem-de Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýalaryny ilerletmäge, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda “Bitewi ykbal bileleşiginiň” kemala gelmegine ýardam bermäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Li SÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Öz adymdan we ähli gagauz halkynyň adyndan Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan etmäge hem-de Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny Nowruz baýramy mynasybetli gutlamaga rugsat ediň!

Nowruz tebigatyň täzelenişini alamatlandyrýan bahar baýramydyr. Bu gün tebigatyň ýaşaýyş, adamlaryň kalplaryny umyt we şatlyk duýgulary bilen doldurýan täze döwrüň başlanýandygynyň nyşanydyr. Sazlaşygyň we jebisligiň baýramy durmuş baradaky baky gymmatlyklary, tebigatda, şol sanda her bir adamyň durmuşynda täzelenişiň möhümdigini şöhlelendirýär. Nurana baýram mynasybetli Size hem-de ýakynlaryňyza we Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýürekden bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, Nowruz baýramy Size şatlyk, bagtyýarlyk eçilsin!

Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edip, berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Ýewgeniýa GUSUL,
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Sizi türki dünýäniň umumy gymmatlygy, baharyň buşlukçysy, ata-babalarymyzyň peşgeşi we mirasy bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaýandygymyza şatdyrys. Nowruz täzelenişi, berekedi, dost-doganlygy, ýaz paslynyň gelendigini alamatlandyrýan nurana baýramdyr. Ol geçmişden gözbaş alýan tagallalarymyzy birleşdirýän, umumy geljegi gurmaga bolan erk-islegimizi berkitmäge ýardam edýän mümkinçilikdir. Şu ýyl biz Nowruz baýramyny ruhy päkligiň we raýdaşlygyň ýokary derejä göterilýän wagty bolan Oraza aýynda belledik. Mukaddes Oraza aýynyň ähli türki halklara gowulyklary getirmegini hem-de jebisligimizi, raýdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmagyny arzuw edýärin.

Nowruz baýramynyň we mübärek Oraza aýynyň tutuş dünýä parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk getirmegini ýene-de bir gezek arzuw edýärin. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormatymy beýan edýärin hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik arzuw edýärin.

Binali ÝYLDYRYM,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow