Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi yglan edildi
Jemgyýet
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi yglan edildi
Çap edildi 24.03.2025
2455

Hormatly watandaşlar!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, zehinli ýaşlary ýetişdirmekden, olaryň eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybaratdyr.

Çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigine 4 (dört) ýaşdan 11 (on bir) ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guramaçylyk we eminler toparynyň düzümi tassyklanýar.

Döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň agzalarynyň hersiniň bir sesi bardyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça çözgütler eminler topary tarapyndan kesgitlener, olaryň gelen netijesi gutarnykly çözgütdir.

Bäsleşik üç ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçiriler.

Bu ugurlar:

– Surat çekmek we amaly haşam sungaty;

– Aýdym-saz we tans sungaty;

– Türkmen milli oýunlary.

Bäsleşigiň birinji ugrunda parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäherimiziň gözelliklerini, bedew atlarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekmek hem-de amaly haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça özara bäsleşerler.

Bäsleşigiň ikinji ugrunda oňa gatnaşýan çagalar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda wasp ederler, dürli aýdym-saz gurallaryna ezberlik bilen erk edip, ukyp-başarnyklaryny görkezerler hem-de dürli tanslary ýerine ýetirip bäsleşerler.

Bäsleşigiň üçünji ugrunda oňa gatnaşýan çagalar türkmen milli oýunlary «Çeke-çeke», «Bäş daş», «Agsak durna», «Aşyk oýny», «Ýüzük bukdy», «Düzzüm», «Ýalyga towusmak» ýaly milli oýunlarda özara bäsleşerler.

Bäsleşigiň netijeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde jemlener.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Mähriban watandaşlar!

Bäsleşik boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgi +993 (12) 57-18-57, şeýle-de «tmyg.arkadag_shaheri@sanly.tm» internet poçtasy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow