Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 23.03.2025
282

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerindäki halkara ähmiýetli taryhy waka — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny beýgeltmek, müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk ýörelgelerimizi dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ilkinji Kararnama hem türkmen Bitaraplygy bilen baglydyr. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hemişelik Bitaraplygymyzyň düýbüni tutdy we 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Milletler Bileleşigine şol wagtky agza ýurtlaryň 185-si tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda, 2007-nji ýylda sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz bilen giň gerimli özgertmelerimizi amala aşyrmakda möhüm ädim boldy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe — halkyň Arkadagly zamanasynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllygy bellenilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda, ýagny 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edildi we şunuň bilen Bitaraplyk syýasatymyz has-da berkidildi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Bitaraplyk baýramynyň halkara derejä eýe bolmagy bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzyň dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň baştutanlygyňyzda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryňyzyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär. Halklaryň arasynda parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmek Siziň alyp barýan daşary syýasatyňyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Siziň ynsanperwer daşary syýasatyňyzyň netijesinde häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz hil taýdan täze derejä çykýar. Türkmen Bitaraplygynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Siziň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen çagyryşlaryňyz gymmatly başlangyç hökmünde halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine elmydama ygrarlydyr. Ýurdumyz bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň öz daşary syýasatynyň özeni bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny iş ýüzünde hemişe subut edip gelýär. Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli kabul edilen Kararnamalaryň onlarçasy munuň anyk subutnamalarydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen giňden hyzmatdaşlyk edýär. Syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlarda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, howpsuzlygy, asudalygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan eziz Watanymyz bu gün ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär. Türkmenistan agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Siziň tagallalaryňyz bilen ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda Bitaraplygymyzyň ylalaşdyryjy ýörelgeleriniň ähmiýetiniň barha artýandygyna mähriban halkymyz çäksiz buýsanýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun! Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
26.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
25.03
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
25.03
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
25.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
24.03
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
top-arrow