Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 20.03.2025
1521

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny tebigatyň täzelenişiniň hem-de röwşen geljege umyt-arzuwyň nyşany bolan gadymy Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Bahar pasly tebigatyň janlanyşyny alamatlandyrmak bilen, ynsanperwerligiň we galkynyşyň çeşmesidir. Şu mübärek günlerde ýurtlarymyzyň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilýändiginiň şaýady boljakdygymyza ynanýaryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk dileýärin.

Masud PEZEŞKIAN,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Parahatçylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek taglymlaryna esaslanýan köpasyrlyk däpleriň we medeni mirasyň nyşany hökmünde taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän bu baýram halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Nowruz baýramynyň ýörelgeleri bizi ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etmäge ruhlandyrýar.

Täjigistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerindäki döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Bu gadymy baýramyň beýik umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanyp, ýurtlarymyzyň köpugurly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdigimize berk ynanýaryn.

Bu şanly günlerde Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, abadançylyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny özünde jemleýän Nowruz baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Müňýyllyklaryň dowamynda uly şatlyk we buýsanç bilen bellenilip gelinýän bu baýram topragyň janlanyşyny, tebigatyň täzelenişini alamatlandyrýar. Goý, Nowruz baýramy biziň halklarymyza rysgal-bereket, abadançylyk getirsin!

Bu baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi täzelenişiň we ýagşy umyt-arzuwlaryň nyşany bolan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn hem-de Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna rowaçlyk, täze üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu baýram sebit hyzmatdaşlygyna umumy ygrarlylygymyzy pugtalandyrsyn!

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize mukaddes Remezan aýy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin. Goý, bu mukaddes aý sebitimizde agzybirlik we raýdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, hemmämize parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk getirsin!

Asad Majid HAN,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
01.07
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.07
Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy
01.07
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
top-arrow