Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy
Çap edildi 19.03.2025
382

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy.

Myhmanlar duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkiýe Respublikasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar. Şeýle-de Alparslan Baýraktar pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Milli Liderimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlary Aşgabat şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň geçirilýän gününde kabul etmäge şatdygyny aýdyp, wekiliýetiň saparynyň netijeli geçjekdigine we türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Aşgabatda geçirilýän şu günki foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň güwäsi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Alparslan Baýraktar Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň, parasatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Rejep Taýyp Ärdoganyň “Bir millet — iki döwlet” diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Türkmenistan ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa arkaly giňeltmäge esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen, dünýä we sebit bazarlarynda uly isleg bildirilýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmak üçin dürli taslamalary amala aşyrýar. Gahryman Arkadagymyz tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika pudagynda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen tebigy gazynyň doganlyk ýurda iberilmeginiň, şol ýerden bolsa Ýewropa ýurtlaryna çykarylmagynyň möhüm meseleleriň biridigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ugradylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny deňziň üstünden goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi dörär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň agzalyp geçilen ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.04
Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
16.04
Adam baradaky alada — Bitarap Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugry
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
16.04
Ýaş nesliň saglygyny goramak we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — ileri tutulýan wezipe
15.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
top-arrow