Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 19.03.2025
914

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ak mermerli Aşgabada gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, şeýle hem ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy, ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyz türk işewürini “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň çäklerinde görýändigine şatdygyny aýdyp, onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen “Rönesans Holding” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Işewür hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň barşy barada habar berdi. Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny, bilelikde amala aşyrylan taslamalaryň ýurdumyzyň gurluşyk-senagat kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýa Türkmenistanda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi. Munuň özi türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmegine ýardam berdi. Milli Liderimiz kompaniýanyň işine ýokary baha berip, toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Erman Ylyjak ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Rönesans Holdingiň” Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.

Kompaniýa tarapyndan durmuşa geçirilen taslamalar ýurdumyzyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam etmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga saldamly goşant goşýar. “Rönesans Holdingiň” ýerine ýetirýän gurluşyk işleriniň ýokary hili, ulanýan öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri dünýä standartlaryna laýyk gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bilelikdäki işleriň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar bilen, şol sanda “Rönesans Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän uly ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen täze iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.09
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
10.09
Halk Maslahaty ileri tutulýan meseleleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir
top-arrow