Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 19.03.2025
1140

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsidigini belledi. Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri barada maglumat berip, möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdi we Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy, şeýle-de ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türk işewürini paýtagtymyzda geçirilýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň çäklerinde görýändigine şatdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny ornaşdyrmakda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde halkara maslahatlardyr sergi işi möhüm orun eýeleýär. Bu çäreler ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýär. Milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum üçin döredilen oňyn şertleriň özara gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, bu hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holdingiň” eýeleýän wajyp ornuna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kompaniýa tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary ýurdumyzyň ösüşinde uly orun eýeleýär.

2024-nji ýylyň oktýabrynda ak mermerli paýtagtymyzda “Gap Inşaat” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli berkeýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Işewür şeýle iri we möhüm taslamalaryň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparyna ynanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Açylyp ulanmaga berilýän, şeýle hem gurluşygy dowam edýän iri desgalar saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň netijeli işlemegine amatly şertleri döreder. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bu pudagy dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, halkyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak üçin amala aşyrylýan ägirt uly işlerde ýakyndan ýardam berer diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz kompaniýanyň ýerine ýetirýän işlerinde mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we innowasion enjamlary işjeň ulanjakdygyna berk ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
02.10
Oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini ilerletmek — Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy maksady
01.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etrap kazyýetlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
01.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
01.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow