Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
Çap edildi 19.03.2025
2215

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Alparslan Baýraktar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň dowamynda gatnaşan halkara forumynyň netijeleriniň iki ýurduň arasynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, baý tejribä eýe bolan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkiýe Respublikasy bilen energetika babatda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, türkmen gazynyň Türkiýe Respublikasyna iberilmegi, şol ýerden bolsa beýleki isleg bildirýän ýurtlara çykarylmagy häzirki döwürde möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Mundan başga-da, türk kompaniýalary tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurulmagy netijesinde türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna hem-de beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça hem türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge, netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň, olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow