Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Oman Soltanlygynyň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki forum hem halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar, bu bolsa durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda durnukly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň we energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm halkara çäre mynasybetli iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda bu maslahatyň örän uly ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlaryny çekmäge giňden ýardam berjekdigini belläp, maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.