Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 16.03.2025
1733

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna mukaddes Remezan aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Goý, ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ýakyn gatnaşyklar geljekde has-da pugtalansyn!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.

***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mübärek günleriň haýyr-sahawat işlerine beslenmegini dileýärin.

Oraza aýyňyz mübärek bolsun!

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana we onuň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Abdulla bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana we onuň doganlyk halkyna rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim AL TANI,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.

Soňky habarlar
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
02.07
Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
01.07
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.07
Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy
01.07
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
top-arrow