Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar
Medeniýet
Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guralar
Çap edildi 15.03.2025
6543

2025-nji ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler. Şeýle-de bu çäreleriň çäklerinde ilkinji gezek döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi hem guralar. Munuň özi moda biparh bolmadyk halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilen Aşgabada gönükdirer.

Moda dünýäsinde ýylyň esasy wakalaryň birine öwrülmegine garaşylýan bu çärä türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hususan-da, halkara moda görkezilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de «Mähirli Zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» ýaly modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp taýýarlanylan lybaslar görkezilişe çykarylar. Şu günler bu dabara aýratyn taýýarlyk görýän türkmen dizaýnerleri özleriniň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen, moda äleminiň iň soňky ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylan lybaslarynyň daşary ýurtly meşhur dizaýnerleri hem biparh goýmajakdygyny ynam bilen aýdýarlar.

Şeýle-de halkara moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler. Aýratyn bellenilmeli tarapy, Aşgabatda geçiriljek bu halkara moda görkezilişi moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendiriler. Olaryň hatarynda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «MARIE CLAIRE ARABIA», «GRAZIA», «HELLO RUSSIA», «ELLE» žurnallary we «FASHION NETWORK» gazeti bar.

Guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen tanyşmaga hem mümkinçilik alarlar.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow