Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy — biri-biriniň üstüni ýetirýän parahatçylyk dörediji gurallar
Syýasat habarlary
Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy — biri-biriniň üstüni ýetirýän parahatçylyk dörediji gurallar
Çap edildi 13.03.2025
466

80 ýyl mundan ozal adamzadyň ähli meselelerini çözmekde möhüm binýat hökmünde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy döredildi. Gurama gapma-garşylyklaryň öňüni almak, taraplaryň özara ylalaşygyna, parahatçylyk döredijilikli işleri alyp barmagyna ýardam bermek, parahatçylygyň berkidilmegi üçin şertleri döretmek arkaly öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda tagalla edýär.

Düşünişmezlikleriň gapma-garşylyklara çenli eltip, güýjäp we gaýtadan döräp bilmek ähtimallygyny öňünden duýdurmak öňüni alyş diplomatiýasynyň iň netijeli ugurlarynyň biridir. Ol dawa-jenjelleriň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni almak üçin diplomatik çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Öňüni alyş diplomatiýasy BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş sekretarynyň, çylşyrymly ýagdaýlarda zorluk ulanylmagynyň öňüni almak boýunça beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny öz içine alýar.

“Öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjesi BMG-niň ozalky Baş sekretary Butros Butros-Galiniň 1992-nji ýylyň 17-nji iýulynda Baş Assambleýanyň 47-nji sessiýasynda eden çykyşy çap edilenden soň, dünýä tejribesine giňden ornaşdy. “Parahatçylyk üçin gün tertibi” adyny alan bu resminama öňüni alyş diplomatiýasynyň we parahatçylyk döredijiligiň binýat goýujy esaslaryny özünde jemledi. Butros Butros-Gali “öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjesine taraplaryň arasynda dawa-jenjelleriň döremegini öňünden duýdurmaga, bar bolan düşünişmezlikleriň gapma-garşylyga öwrülmegine ýol bermezlige hem-de döreýän jedelleriň gerimini çäklendirmäge gönükdirilen hereket hökmünde anyk kesgitleme berdi.

Ol öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly halkara gatnaşyklara we işlere aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi, birinjiden, gapma-garşy taraplary ylalaşyga, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň VI babynda göz öňünde tutulan parahatçylyk serişdeleri arkaly oňa itermäge gönükdirilen hereketlerdir. Ikinjiden, parahatçylygy saklamak gapma-garşylyklaryň bar bolan sebitinde BMG-niň gatnaşmagynyň zerurdygy baradaky düşünjedir. Bu işler ozal ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ylalaşygy esasynda, adatça, harby, polisiýa, şeýle-de BMG-niň raýat işgärleriniň tagallalarynyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen amala aşyrylýardy. Üçünjiden, gapma-garşylykly döwürden soň parahatçylygy dikeltmek bolup, munuň özi gapma-garşylygyň gaýtadan döremeginiň öňüni almak maksady bilen, parahatçylygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýilli düzümleri ýüze çykarmak, goldamak boýunça hereketler baradaky düşünjedir. Şunlukda, öňüni alyş diplomatiýasy dawa-jenjelleri öňünden duýdurmagyň, olaryň gapma-garşylyga öwrülmezligine gözegçilik etmegiň, eýýäm dörän gapma-garşylyklary araçyllyk, ylalaşyk we gepleşikler ýörelgeleri esasynda çäklendirmegiň usullaryny öz içine alýar.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bu guramanyň döräp biljek dartgynlyklaryň çeşmelerini parahatçylyk serişdeleri arkaly aradan aýyrmak maksady bilen, döwletleriň we sebit düzümleriniň mümkinçiliklerini berkitmekde anyk ygtyýarlygy bolan esasy wekilhanalarynyň biri bolup durýar. Ol dawa-jenjelleri parahatçylykly ýol bilen çözmek, dialog, halkara goldaw arkaly gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça mümkinçilikleri giňeltmekde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Hökümetlerine ýardam bermek üçin 2007-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşdirilmeginde kesgitleýji orun eýeledi. Jedelli meseleleri gönüden-göni parahatçylyk we diplomatik ýollar arkaly çözmek türkmen Bitaraplygynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz 2012-nji ýylyň dekabrynda geçirilen “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahatdaky çykyşynda Aşgabady BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşjek ýeri hökmünde saýlamagy teklip etmek bilen, ýurtlaryň iki binýatlaýyn meýilden ugur alandyklaryny belledi. Birinjiden, ol halkara bileleşigiň Merkezi Aziýadaky parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna ulgamlaýyn häsiýet bermegiň hem-de ony BMG-niň derejesinde institusional taýdan berkitmegiň zerurlygyna daýanýar. Ikinjiden, bu daşary syýasatyň bitaraplyk nusgasy bilen halkara öňüni alyş diplomatiýasynyň maksatlarynyň umumylygyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy saklamagyň möhüm şertleri hökmünde olaryň biri-biriniň üstüni ýetirýändigine düşünmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň taryhy-ruhy tejribesinde gapma-garşylyklaryň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni alyş serişdesi hökmünde bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň çuňňur kökleriniň bardygyny bellemek gerek. Milli taryhymyzyň ýazuw çeşmelerinde we köp sanly halk rowaýatlarynda ata-babalarymyzyň beýleki halklar bilen özara gatnaşyklarda ylalaşykly ýollara aýratyn orun berendiklerini, dawa-jenjelleri, beýleki meseleleri parahatçylykly çözendiklerini tassyklaýan mysallar bar. Türkmen sazandasy Şükür bagşynyň eýran hanyna ýesir düşen doganyny halas edişiniň taryhy hem şolaryň biridir. Obadaşlary oňa pul-mal berip ýa-da ele gylyç alyp, duşmanyň üstüne ýaragly gidip, doganyny azat etmegi maslahat berýärler. Meseläni çözmegiň çaknyşykdan başga ýollary barada uzak gije pikirlenip, sazanda hiç-hili ýaragsyz, diňe saz guraly bolan dutaryny alyp ýola düşýär. Döwürdeş sazandanyň dilinden ýazylyp alnan bu taryhy hakykat Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň we Bulat Mansurowyň bu eser esasynda döreden adybir filminiň mazmunyny emele getirdi. Ýokary ussatlykda çalan sazlary bilen çaknyşygyň öňüni almagy başaran Şükür bagşy baradaky filmden uly ylham alan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sungatyň parahatçylyk dörediji güýjüni açyp görkezýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyny ýazdy. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: “Aslynda, bu barlygyň täsin bir sazlaşykdygyna bolan ynam şeýle garaýşyň esasydyr. Bu ýerde gürrüň şol sazlaşygy, ýagny tebigy hadysalaryň we durmuşda bolup geçýän wakalaryň, beden güýjüniň we ruhy kuwwatyň, isleg bilen mümkinçiligiň, asmany we Zemini hakykatlaryň kanunlaryny, kanunalaýyklyklaryny we kadalaryny açmak hakynda barýar. Şonda güýçli hem bolmaz, ejiz hem, ýeňiji hem bolmaz, ýeňilen hem, barabarlyk bolar. Şol barabarlykdan sungat başlanýar, şol barabarlykdan diplomatiýa başlanýar” diýip belleýär.

Milli Liderimiz Şükür bagşynyň keşbine “ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek başarnygyny ýaragyň güýjüne daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly ýollara daýanmak esasynda çözmegiň antipody” hökmünde baha berýär. Şu nukdaýnazardan, Şükür bagşynyň bu hereketi Bitaraplyk hukuk derejesini parahatçylygyň we abadançylygyň ýoly hökmünde saýlap alan türkmen halkynyň hem döwletiniň aňyýetini aýdyň şöhlelendirýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty köňülleriň waspçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Şükür bagşy ýaly şahsyýetleriň mysalyndan gözbaş alýar. Ol ruhy-ahlak gaýduwsyzlygy bilen “Toplar gümmürdeýärkä, sungatlar dymmak bilendir!” diýen gadymy nakylyň manysyny “Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar” diýen paýhasly jümlä öwürmegi başarypdyr. Bu aýtgynyň manysyny dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatow “Sowet medeniýeti” gazetinde çap edilen “Gylyjy azala öwürýän saz sungaty” atly makalasynda hem beýan edýär.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň many sazlaşygynyň BMG-niň sebitdäki parahatçylyk döredijilikli tagallalary, şeýle hem häzirki zaman halkara syýasatynyň täsirli gurallarynyň biri hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň barha artýan ähmiýetine Milletler Bileleşiginiň düşünmegi bilen utgaşýandygyny nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny sebit meseleleriniň çözülmegine halkara guramalaryň işjeň çekilmegi üçin amatly meýdança hökmünde häsiýetlendirmek bilen, bu merkeziň mümkinçilikleriniň häzirki we geljek döwürde energetika howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa howpsuzlygy, owgan meselesi ýaly köp sanly möhüm ugurlarda zerur ähmiýete eýe boljakdygyny belleýär.

Türkmenistan agza döwletleri goldamakda Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, merkeziň işine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we bu düzümiň bilelikdäki tagallalary Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek ýaly strategik maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Merkez öňüni alyş diplomatiýasy boýunça meselelerde sebit ýurtlarynyň Hökümetleri bilen özara gatnaşyklary goldamagy, gözegçilik we seljeriş işlerini geçirmegi, sebit guramalary bilen aragatnaşyk saklamagy, maglumatlary alyşmaga ýardam bermegi wezipe edinýär. Mundan başga-da, ol BMG-niň ulgamynyň ýurtlardaky toparlaryna syýasy ugurda, öňüni alyş işlerinde ýolbaşçylyk etmek bilen, sebitdäki ýagdaýlara hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn baha berilmegini üpjün etmek üçin BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Merkeziň ygtyýarlyklary Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleri bilen geňeşmeleriň netijesinde işlenip düzülen 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilendir. Bu resminama esasy bäş ugra gönükdirilendir: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek; gapma-garşylyklaryň öňüni almak maksady bilen, olara gözegçilik we öňünden habardar etmek; gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin sebit we sebitara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak; sebitde BMG-niň öňüni alyş işini pugtalandyrmak; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystanyň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de özara gatnaşyklary giňeltmek.

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 14-nji awgustynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçiren duşuşygynda merkez tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi, anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy. Geçen ýyllaryň dowamynda sebit merkezi özüni häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän netijeli gural hökmünde görkezdi.

Jenap Kaha Imnadze döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza merkeziň işine berýän hemişelik goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine, netijeli syýasy-diplomatik dialogyň ilerledilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, bu düzüm ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan oňyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna öz tarapyndan ähli babatda ýardam eder.

Türkmenistan sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmekde Bitaraplyk syýasatyna eýermek, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini yzygiderli peýdalanmak bilen, bu babatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän ornuny birnäçe gezek nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň bu edarasynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigi 2017-nji ýylyň noýabrynda Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen merkeziň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli kabul eden Kararnamasynda aýratyn bellenildi. 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, gurama agza döwletleriň 72-siniň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi.

Türkmen tarapy bu resminamada zenanlaryň hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen, BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk”, “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” maksatnamalaryna laýyklykda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ýaşlara bilim bermek boýunça Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy ýaly başlangyçlara aýratyn üns berilýändigini belledi. Resminamada gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça Milletler Bileleşiginiň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň iş tejribesini dünýäniň beýleki sebitlerinde-de ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtalýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň wekilleri merkeziň işini we onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialogy berkitmek, sebitdäki möhüm meseleleri çözmek ugrundaky tagallalaryny goldadylar. Kararnama ylalaşyk esasynda kabul edilip, oňa 91 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitarap Türkmenistan syýasy-diplomatik gurallaryň, halkara işlerde durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýetmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagy ugrunda çykyş edýär. Sebit arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz geljekde hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň “Gün tertibi — 2030-y” netijeli amala aşyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryna işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.

Häzirki çylşyrymly döwürde öňüni alyş diplomatiýasy möhüm, käbir ýagdaýlarda bolsa gapma-garşylyklara ýol bermezligiň, dawa-jenjelleri öz wagtynda çözmegiň, garşy taraplary gepleşiklere ugrukdyrmagyň aýgytlaýjy şertine öwrülýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek üçin binýadynda parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar bolan ählumumy, sebit derejesinde döreýän ähli meseleleri çözmek işine ýurduň gatnaşmaga taýýarlygyny görkezýän amaly esaslary döredýär. Munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramakda, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, dünýäniň tebigy serişdeleriniň deň we netijeli paýlanylmagynda, bosgunlara, migrantlara, raýatlygy bolmadyk adamlara kömek etmekde hem-de häzirki döwrüň başga-da köp sanly wajyp meseleleriniň çözülmeginde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegidir. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygy we öňüni alyş diplomatiýasy ýurtda hem-de tutuş dünýäde durnukly parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen, biri-biriniň üstüni ýetirýän gymmatlyklar bolup durýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynda bellenilişi ýaly, milli bitaraplyk syýasaty dawalaryň öňüni almakda, araçyllykda, gepleşikleri geçirmekde, hoşniýetli hyzmatlary etmekde, faktlary ýüze çykarmak boýunça işlerde ýörite wekilleri ulanmakda, resmi däl maslahatlarda, parahatçylyk döredijilikde hem-de ösüş babatyndaky maksada gönükdirilen işde Birleşen Milletler Guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmagy höweslendirmäge gönükdirilendir.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän häzirki günlerimizde Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşe gönükdirilen täze başlangyçlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Soňky habarlar
21.03
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
21.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
20.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.03
M.A.Işangulyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
20.03
Çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
20.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
20.03
Türkmenistanyň Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow