Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu nurana baýrama bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde geçiriljek dabaralaryň göwünleri galkyndyryp, eziz Watanymyza söýgini, eşretli durmuşymyza, bagtyýar döwrümize buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. “Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ajaýyp ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Täze taryhy döwürde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zähmetsöýer zenanlarymyz milli ahlak gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklaýjylar hökmünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Olar dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ata Watanymyzyň belent sepgitlere, üstünliklere ýetmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar.
Ýokary bilim we hünär derejesi, telekeçilik başlangyçlary häzirki zaman zenanlarynyň aýrylmaz häsiýetlerine öwrülýär. Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ajaýyp dabaralar halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklarynyň mizemezliginiň, gadymdan gelýän mukaddesliklere, şol sanda öý-ojagyň diregi hasaplanýan enelerimiziň we zenanlarymyzyň hormatyny hemişe belentde tutmaga ygrarlydygynyň nyşany boldy. Olaryň ruhy-ahlak däplerimizi gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde eýeleýän orny bimöçberdir.
Eneleri we çagalary, maşgala gymmatlyklaryny goramak, zenanlaryň döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ösdürmek baradaky aladalar çagalardyr zenanlaryň hukuklary babatda üstüne alan borçnamalaryna pugta ygrarly bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda anyk çäreler, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejede kemala gelmegine, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we başga-da köp sanly işler bu syýasatda esasy orny eýeleýär. Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek üçin döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýärler.
...Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabara gatnaşyjylar tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglaryň we döredijilik çykyşlarynyň şaýatlary boldular. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Ony ýerine ýetirmäge meşhur aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory we teatr artistleri gatnaşdylar. Bu çykyş arkaly türkmen zenanlarynyň gözelligi, olaryň hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk, wepalylyk, mähremlik ýaly asylly häsiýetleri wasp edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu häsiýetler gelin-gyzlarymyzyň keşbiniň aýrylmaz bölegidir.
2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly aýdym tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Onuň üsti bilen dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmek babatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
“Diýarymyň mähriban zenanlary” atly aýdym-sazly horeografik çykyş şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, folklor çykyşlary, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan, iňlis, rus dillerindäki aýdymlar ýaňlandy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji mart baýramyny giňden dabaralandyrýan dünýä bileleşigi bilen jebisleşmegiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Konsertde, hususan-da, ýigitler öz döredijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy saz eserleri, meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlanyp, olaryň hemmesi zenanlara bagyşlandy. Çykyşlarda zenan bagtynyň, wepalylygynyň, ene söýgüsiniň, mähriban topragyň ýaz aýlarynda aýratyn gözel görnüşe gelýän gözelliginiň waspy ýetirildi. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy. Ýürekleri tolgundyrýan aýdym-sazlar joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. El çarpyşmalardyr baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde ýerine ýetirijiler belent ruha, hoşallyk duýgularyna, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar.
Dabara gatnaşyjylar milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyzyň dabara sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy çäräniň esasy wakasyna öwrüldi. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, eziz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mähriban zenanlarymyz, türkmeniň maşgala ojaklarynyň siziň bilen, siziň edep-terbiýäňiz bilen dowamat-dowamdygyny unutmaly dälsiňiz!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maşgalanyň binýadyny berk saklamakda, çagalara mynasyp terbiýe bermekde, olary dogry durmuş ýoluna ugrukdyrmakda zenanlara örän uly ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiz zenanlarymyzyň durmuşda göterýän ýüküniň, borjunyň asla ýeňil däldigine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň aňyrdan gelýän, inçeden sünnäläp bize ýetiren baý mirasyny, edep mekdebini, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zenanlara baglydygyny nygtady. “Şoňa görä-de, hemişe asylly däplerimizden ugur alyp, maşgala ojaklaryňyzyň bagtyýarlygyna guwanyp, gadyryny bilip ýaşamak size miýesser etsin! Pursatdan peýdalanyp, sizi ýene-de bir gezek ajaýyp bahar baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, nurana ýüzli mähriban ene-mamalarymyzyň, bagtyýar gelin-gyzlarymyzyň, eziz uýalarymyzyň güler ýüzi hiç haçan solmasyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz arzuwlaryny beýan etdi.
Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiziň Gutlagyny we hoşniýetli arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Baýramçylyk dabarasy asylly häsiýetleri bilen dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň nobatdaky beýanyna öwrülen “Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar” atly aýdym bilen jemlendi. Dabara gatnaşyjylar Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler, abadan durmuşda ýaşamaga döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
***
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Kalby bahar pasly ýaly gözel zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çärelerde döredijiligiň we täze durmuşyň şatlygy aýdyň duýuldy.