Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 03.03.2025
93

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary taýýarlanyldy. Welaýatda soganyň ekişine hem girişildi. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil, geriş çekmek işleri geçirilip, ýuwuş suwuny tutmak çäresi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler geçirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, tagt suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny we tohumyny ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, taýýarlyk we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginini güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmak, Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
03.03
M.A.Paşanakow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.03
B.J.Mämedow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.03
K.G.Orazgulyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.03
M.Nazarow Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy
03.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
03.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
02.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow