Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
Syýasat habarlary
Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
Çap edildi 26.02.2025
59

Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýä ýurtlarynyň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapynyň Türkiýe Respublikasynyň Hökümetine hoşallygy beýan edildi. Saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Nygtalyşy ýaly, parlamentara dialog döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm düzüm bölegidir. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän parlamentara dostluk toparlary bolsa kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisine Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna agza bolmagy teklip etdi. Numan Kurtulmuş Türki Döwletleriň Guramasynyň işine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dostlukly salamyny hem-de türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlyklarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Ankarada bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Baştutanyna hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de doganlyk döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutany öňde boljak foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandygyny buýsanç bilen nygtady. Ol 70 ýaş toýy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly hormat bolandygyny we ony iki halkyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edendigini aýtdy.

Duşuşykda türkmen tebigy gazynyň “swap” usuly arkaly Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmegi üçin ylalaşygyň gazanylandygy nygtaldy. Mundan başga-da, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine uly hormat goýýandygyny, onuň Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolmagyna garaşýandygyny belledi.

Dostlukly we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyndan hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza doganlyk salamyny hem-de Türkmenistana we onuň halkyna abadançylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji binasyna we onuň muzeýine, Ankara galasyna hem-de gadymy Hamamönü şäherçesine aýlanyp gördüler. Şeýle-de olar Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna gurlan «Anytkabir» aramgähine gül goýmak çäresine gatnaşdylar.

Şeýlelikde, türkmen parlamentarileriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary gadymdan bäri taryhy kökler, medeni, ruhy umumylyklar bilen baglanyşykly bolan türkmen we türk halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerinde ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Soňky habarlar
26.02
Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
26.02
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň halkara ykrarnamasy
25.02
Bitaraplyk — Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň binýady
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
24.02
Ö.A.Goşjanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.02
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
24.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 357 müň dollaryndan gowrak boldy
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow