Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde dag eteklerinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Säheriň salkyn howasy ynsan ruhuna oňaýly täsir edýär.
Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta bölegi tanalmaz derejede özgerdi. Şunda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşmagyna möhüm üns berilýär. Edara binalarynyň, durmuş maksatly desgalaryň seýilgäh zolaklary we şäheriň esasy bezegine öwrülen suw çüwdürimleri bilen sazlaşmagynyň taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kabul edilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi.
Taryha ser salsak, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny goýdy. Bu taryhy pursat ähli türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. 1995-nji ýylda ilkinji gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz halkymyzyň beýik ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alýar. Şonda hemişelik Bitaraplygymyzy 185 döwlet goldady. Bu mukaddes gymmatlygymyzyň şanyna bolsa beýikligi 95 metr bolan Bitaraplyk binasy guruldy. Ajaýyp bina bezeg berýän bäş welaýatyň haly gölleri halkymyzyň bitewüligini, jebisligini aňladýar.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, binanyň depesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň heýkelini goýmak baradaky teklibi Mejlisiň, halkyň goldandygyny we şol pursatlaryň şaýady bolmagynyň has-da guwandyryjy waka öwrülendigini ýatlady.
Taryhy binanyň düýbi tutulanda, Gahryman Arkadagymyzyň uly ornunyň bolandygyny bellemek örän ýakymly.
Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzda «Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar» diýlişi ýaly, gyş paslynyň şeýle hoştap howaly günlerinde belent maksatlara hyjuw döredýän Bitaraplyk binasynyň hem üç aýakdan ybaratdygyny aýtdy. Binanyň her bir aýagy ebedi gymmatlygymyzyň mizemezligini pugtalandyrýan dek, üç sany şanly senäni özünde jemleýär. Bu bina halkymyzy taryhy ýyllaryň ajaýyp günleriniň jümmüşine alyp gidýär. Baky Bitaraplygymyz ilkinji gezek 1995-nji ýylda ykrar edilen bolsa, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi beýik başlangyçlaryň dünýä ýaň salandygyny, Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny subut edýär.
Milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň we yşyklandyryş sütünleriniň degişli görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gurulýan we durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, yşyklandyryş sütünleri, şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň, paýtagtymyzyň günortasynda sil suw akabasynyň, seýilgäh zolagynyň teklip edilýän görnüşleri bar.
Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Aşgabadyň dürli künjeklerinde gurulýan, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidir. Binalardyr desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we olaryň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny, şunda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna, milli binagärlikde ýetilen sepgitleriň derejesine laýyk gelmelidir.
Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň, bezeg işleriniň bu künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.
Tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň gurulmagyna, onda oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Ynsanperwer ýörelgeleri, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän hemişelik Bitaraplygymyzyň aýdyň nyşany bolan bu kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny, BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramagyň we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň dowamynda şanly sene mynasybetli sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, beýleki çäreleriň guralmagy meýilleşdirildi. Ähli göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda bilelikdäki işler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy. Şunda olaryň guramaçylyk işlerini maliýeleşdirmek meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýär.
Myhmanlary garşylamak, olaryň üpjünçiligini ýola goýmak we baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda medeniýetini kämilleşdirmek, çäreleriň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine wajyp ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimlikleriniň bilelikdäki tagallalary zerurdyr. Bu meselede hiç bir zadyň ünsden düşürilmeli däldigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere, halkara maslahatlara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylanylmalydygyny, olaryň degişli ulaglar bilen üpjün edilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy.
Döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çärelerde Watanymyzyň ýeten derejesi, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeňlik görkezmelidir, baýramçylyk çäreleriniň dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkezilmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejeli maslahatlar, medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende, milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine dahylly düzümleriň bilelikdäki tagallalaryna we olaryň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmegine mümkinçilik döredilmelidir. Munuň üçin bolsa ugurdaş toplumlaryň işleriniň utgaşykly ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dabaralaryň geçirilýän döwründe söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýokary derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şunda halkymyzyň dünýä nusgalyk myhmansöýerlik däplerine, millilik ýörelgelerine giň ýol açylmalydyr. Şunda şanly senäniň nyşanlaryny özünde jemleýän sowgatlyk önümleriň taýýarlanylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.
Paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Milli Liderimiz şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli ýola goýulmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunda şäheriň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen ýörite tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde halkara derejede geçiriljek maslahatlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde-de tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň bu künjeginde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtap, bu babatda degişli maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýeriň “Bitaraplyk binalar toplumy” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli hemmeleriň Bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn nygtap, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz: «Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýip, bu babatda toparyň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýerde Bitaraplyk zolagynyň döredilmelidigini, şunda BMG-niň nyşanynyň göze gelüwli edip ýerleşdirilmelidigini belledi. Bu ýerde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen ýyllary we şoňa degişli taryhy özgertmelerimiz bilen bagly ýazgylary ýerleşdirmek boýunça maslahatlar berildi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar şanly senäni ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça beren maslahatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli Liderimiz şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli toýlarymyzyň goşa-goşadan gelýändigini aýdyp, şanly toýa gowy taýýarlyk görülmelidigini we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin hemmeleriň öz mynasyp goşandyny goşmalydygyny aýratyn nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu gün asmandan nur ýagýandygyny, munuň bolsa rysgal-berekediň hem-de döwletliligiň nyşanydygyny aýtdy. Munuň özi ýylymyzyň uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenjekdiginiň özboluşly alamatydyr.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.