Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
Çap edildi 12.02.2025
2103

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak milli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar. 

Bu ugurda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelerini hem berýär. Munuň şeýledigine «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan «Uzynada» käninde ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu kändäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.

Häzirki wagtda günbatar Türkmenistanda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde satyn alnan kuwwatly buraw desgalarynyň güýji bilen amala aşyrylyp, guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň “Uzynada” käninde gazanan üstünligi Milli Liderimiziň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň we tabşyryklarynyň netijeli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri bilen duşuşyp, türkmen nebitçileriniň nebitgaz gorlaryny artdyrmak, nebitiň, gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada söhbetdeş boldy. Şonda bu täze ýatagy çalt depginler bilen özleşdirmek üçin gözleg-agtaryş maksatly guýular bilen bir hatarda, ulanyş maksatly guýularyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň hem wajypdygy nygtaldy.

“Uzynada” käninde önüm berýän täze guýynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda ulanyşa girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda gazanylan şeýle üstünlik Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet konserniniň zähmetsöýer işgärleri ýokary iş netijeliliginiň gazanylmagyna itergi berýän amatly mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Soňky habarlar
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
06.12
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi
06.12
Hormatly Prezidentimiz iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
top-arrow