Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 10.02.2025
190

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Masud Pezeşkian mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly eýran halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Eýranyň döwlet Baştutanyna hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Eýranda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi. Şu ýyl Türkmenistan üçin şanly wakalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjyny doly goldandygy we bu Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, ýurdumyzyň hem Eýranyň halkara giňişlikdäki işlerine uly hormat goýýandygyny we goldaýandygyny nygtady.

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy şu ýylyň iň esasy çäreleriniň biri bolar. Milli Liderimiz forumyň geçiriljek gününde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy hem-de onuň bu çärelere gatnaşmagynyň forumyň üstünlikli geçirilmegine uly goşant boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda resmi çakylyk hatynyň iberiljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatdaky tagallalaryny Eýranyň hem goldajakdygyna berk ynam bildirip, bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada maslahatlaşmagy teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen, ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýylyň awgustynda Eýrana amala aşyran iş saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, soňra oktýabrda Prezident Masud Pezeşkianyň Aşgabada bolan saparynda bu gepleşikleriň dowam etdirilendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdylyp, bu mümkinçilikleri doly ulanmak teklip edildi. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiz ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we onuň gün tertibine Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ulag, senagat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça “BOTAŞ” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz elektroenergetika pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklibi berendigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda eýran tarapy bilen gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Ulag pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Eýran Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýär. Bu bolsa iki döwlet üçin ulag-logistika ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna, kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi.

Gahryman Arkadagymyz suw meselesine ünsi çekip, bu meseläniň sebitimiz üçin örän wajyp ähmiýete eýedigini aýtdy. Men geçen ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny açyk beýan etdim. Bu meselede üç sany esasy ýörelgä esaslanmak gerek. Birinjiden, halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmek; ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak; üçünjiden, bu meselä halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we sebitiň suw meselelerini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagyny teklip etdi.

Hormatly Arkadagymyz ýene-de bir möhüm meselä — Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Ýurtlarymyz bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Şu ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler yzygiderli esasda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tejribäni mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi. Geçen ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli Eýranda hem bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we munuň üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler edebiýat we sungat ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň, bu babatda iki ýurduň görnükli taryhy, edebi şahsyýetleriniň, tanymal sungat wekilleriniň ömri-döredijiligi hakynda maslahatlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, tebigy bilimler, ýokary tehnologiýalar babatda tejribe alyşmagyň möhümdigine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
10.02
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.02
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
10.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
09.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
08.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
top-arrow