Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çap edildi 08.02.2025
296

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan “akylly” şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.

Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Seýilgählerde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň amatlylygy, olaryň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňaýly bolmagy wajyp talap hökmünde kesgitlenendir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologik derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň oňaýly ýaşaýşy, ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiz täze şäheriň çäginde guruljak seýilgähde ýerleşdiriljek oturgyçlar barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Oturgyçlaryň amatlylyk talaplaryna laýyk gelmegi bilen bir hatarda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna-da möhüm üns berilmelidir. Olaryň şekilleri çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan görnüşlere eýe bolmalydyr. Seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy onuň gurluşynda, bezeg aýratynlyklarynda döwrebap önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şunda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar.

Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi, dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Merkeziň çäklerinde guruljak desgalarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly aýratynlyklar öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähinde taryhy gymmatlyklaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi ösüp gelýän ýaş nesillerde şöhratly taryhymyza söýgini has-da artdyrar.

Milli Liderimiz bina edilýän ähli desgalaryň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň, ekologik ýagdaýynyň Arkadag şäheriniň halkara giňişlikde ykrar edilen derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy wajypdyr we ol taslama taýýarlaýjylara, gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Arkadagymyza şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň, seýilgählerde oturdyljak şekilleriň görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçilik talabalaýyk bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň desgalarynyň bezeg işlerinde millilige aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanylyşyna degişli birnäçe bellikler aýdyldy we düzedişler girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, bu ýerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de häkim hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen, şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologik derejesiniň birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny belläp, bu ýerde degişli ekologik ýagdaýy saklamak üçin hemmetaraplaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda döwrebap tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyna, olara aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny aýtdy. Aýratyn-da, bu ýerde Halkara zenanlar güni ýokary derejede, giňden bellenilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän, lagym suwuny gaýtadan işleýän desga tarap ugrady.

Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda lagym suwuny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Milli Liderimize şäheriň lagym suwuny gaýtadan işlejek täze desgasynyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Hormatly Arkadagymyz indi guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň hiç bir ugrunyň ünsden düşürilmeýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen desga bar. Onda lagym suwuny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwy Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, önümçilik toplumlarynyň, golaýdaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberi bolsa Garagum derýasyna akdyrylar. Munuň özi ýurdumyzda suwy rejeli we netijeli peýdalanmak meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş taýdan abadançylygyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini kesgitleýän aýgytlaýjy şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz täze desganyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň, suwuň hiç hili ýitgisiz ulanylmagynyň üpjün edilmelidigini aýtdy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa we suw babatda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Milli Liderimiz täze guruljak desgada hünärmenleriň öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşmeginiň zerurdygyny belledi. Çünki suw serişdelerine aýawly çemeleşmek paýhasly pederlerimizden galan asylly ýörelgeleriň biridir. Ir döwürlerde ata-babalarymyz suwaryşyň täsin tärlerini oýlap tapypdyrlar. Onuň inçeliklerini, suwdan peýdalanmagyň özboluşly usullaryny nesilden-nesle geçiripdirler. Şeýlelikde, taryhda kärizler, jykyrlar, guýular, sardobalar gurlup, milli suwaryş ulgamynyň kämil usuly döredilipdir. Pederlerimiz suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdirler. Häzirki döwürde bu ugurdaky milli ýörelgeler döwrebap tehnologiýalar, sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirildi we şu günüň talaplaryna laýyk getirildi diýip, alym Arkadagymyz nygtady. Bu ýerde arassa suwy akdyrýan akabanyň derejesi ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýär. Şeýle-de bolsa, suwuň düzüminiň ýörite barlaghanalarda ylmy esasda öwrenilýändigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Garagum sährasynyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen köli guruldy. Bu asylly başlangyç ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytlamak, ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sähra ýerlerinde ekerançylygy, balykçylygy ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri döretdi.

Häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi we hünärmenlere olary abraý bilen berjaý etmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
10.02
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.02
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
10.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
09.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
08.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
top-arrow