Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito hem-de Premýer-ministr Sigeru Isiba berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Akihisa Nagaşimanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant boljakdygyna ynam bildirip, saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini belledi we ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Myhman döwletara gatnaşyklary ösdürmekde özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda işjeň ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ol yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. Geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzda bu komitetiň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri ýurdumyzyň eksportynda uly orun tutýar. Bu önümlere içerki bazarda, şeýle hem daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Gyýanlydaky polimer, Garabogazdaky karbamid, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumlary, “Maryazot” zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Akihisa Nagaşima ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan bu sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýörite guramaçylyk topary döredilip, häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we pursatdan peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon diliniň öwredilýändigini aýtdy we bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, özara Medeniýet günlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.